Horlanmak üçin kömek edýän hoz belli boldy

Okt 20, 2025 - 17:25
Horlanmak üçin kömek edýän hoz belli boldy

Keşýu hozuny yzygiderli ulanmak, ýetginjeklerde berk berhiz (dieta) we güýçli bedenterbiýe talap etmezden, içki ýag gatlagynyň (wisseral ýagyň) azalmagyna kömek edýär. Bu netijä Braziliýaly alymlar geldiler. Barlagyň netijeleri Nutrition Research (NutriRes) žurnalynda çap edildi.

Barlagyň netijesinde Braziliýanyň Fortalezza şäherinden semizlige sezewar bolan 142 okuwçy gatnaşdy. 12 hepde dowamynda bir topar okuwçy her gün 30 gram gowrulan keşýu hozy iýdi. Şeýle hem, iki topara dogry iýmitlenmek boýunça maslahatlar berildi.

Barlagyň ahyrynda keşýu iýen toparyň agzalarynda belli bir derejede bil ölçeginiň kiçelmegi we öýjükleriň garamagyna (oksidlenme stresine) garşy ýagdaýyň gowulaşandygy anyklandy. Bu ýagdaý öýjükleriň garamagy we çiş prosesleri bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde olaryň umumy agramlarynda möhüm üýtgeşiklik bolmady.

Alymlar bu täsiri keşýu hozundaky doýgun däl ýaglaryň, magniý elementiniň we antioksidantlaryň ýokary derejesi bilen düşündirýärler. Magniý myşsalary goramaga, energiýa alyş-çalyşyny güýçlendirmäge we bedeniň fiziki çydamlylygyny artdyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da, ol ganyň şeker derejesini kadalaşdyrýar — öýjükleriň insuline duýgurlygyny ýokarlandyrýar we II görnüşli diabetiň howpuny azaldýar.

Doýgun däl ýaglar we antioksidantlar metaboliki gorag proseslerine gatnaşýarlar — “erbet” holesteriniň derejesini peseldýärler, gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýarlar we gan basyşyny kadalaşdyrýarlar.

Barlagçylar keşýuny ýetginjekler üçin metaboliki we ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda elýeterli we tebigy serişde hökmünde ulanyp boljakdygyny belleýärler.