Awazada Parlament forumy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy öz işine başlady. Bu barada TDH habar berýär.
Forum Türkmenistanyň Mejlisi hem-de BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti tarapyndan Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Parlament forumynyň esasy maksady — Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribeleri paýlaşmak, täze — Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine parlament derejesinde goldaw bermek üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle hem çärede gatnaşyjy ýurtlaryň parlamentarilerine ýerli, milli we sebit derejelerinde syýasy işleriň üsti bilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga gönükdirilen tejribe alyşmak mümkinçilikleri hödürlenýär.
Foruma gatnaşyjylar tarapyndan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň parlamentleriniň kanunçykaryjylyk we syýasat döredijilik işine onýyllyk maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmek boýunça anyk çäreleri taýýarlamak we paýlaşmak hem esasy ugurlaryň biri hökmünde garalýar.
Parlamentleriň bu ýurtlaryň ösüşine goşandy aýratyn bellenilýär. Olaryň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we ykdysady durnuklylygy üpjün etmek boýunça kabul edýän kanunlary we syýasatlary DÇBÖBD ýurtlarynyň halkara ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna giň ýol açýar.
Parlament forumyna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň parlament wekilleri, döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.