Türkmenistanyň Prezidenti täze harby tehnikalar bilen tanyşdy we goşuny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Sarahs etrabynda gurlan täze serhet birikme toplumyna baryp gördi. Ol ýerde döwlet Baştutany döwrebap harby tehnikalar, harby lybaslar bilen tanyşdy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sen 13, 2025 - 16:27
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby tehnikalar bilen tanyşdy we goşuny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby tehnikalar bilen tanyşdy we goşuny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby tehnikalar bilen tanyşdy we goşuny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby tehnikalar bilen tanyşdy we goşuny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi

TDH-nyň habar bermegine görä, Prezident Sarahs serhet otrýadynyň täze toplumyna eden saparynyň dowamynda ýakynda harby bölümleriň hyzmatyna girizilen täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklanyp, olaryň beýik söweşjeň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi. Bu tehnikalaryň goşun bölümleriniň hereket çeýeligini we söweş taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendigi bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn esasda yzygiderli pugtalandyrylmalydygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem döwrebap harby tehnika bilen işleýän ýaş esgerleriň we serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmelidigi nygtaldy.

Saparyň dowamynda harby gullukçylara niýetlenen täze harby eşikler hem görkezildi. Prezident bu eşikleriň möwsümleýin we howa şertlerine laýyklykda taýýarlanylmagynyň, şeýle-de esgerleriň ýokary hilli egin-eşik we ygtybarly azyk bilen üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Geçirilen gözden geçirişden soňra döwlet Baştutany goşunyň logistika we tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça jogapkär guramalara birnäçe goşmaça tabşyryklary berdi.