Hazar deňziniň kenarynda Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady. Bu barada TDH resmi saýtynda habar berilýär.
Forumyň işine BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekil, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň wekilleri, raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de DÇBÖBD-niň ýokary derejeli wekilleri gatnaşýarlar.
Raýat jemgyýetiniň forumy — halkara derejede tejribe alyşmak, täze çözgütleri teklip etmek we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin taýýarlanan Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde raýat jemgyýetiniň ornuny güýçlendirmek üçin döredilen giňişlik bolup durýar.
Forumyň dowamynda durnukly ösüş ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, innowasion pikirleri öňe sürmek hem-de maliýe, söwda, ekologik durnuklylyk ýaly meselelerde raýat jemgyýetiniň täsirini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ugurlar boýunça pikir alyşylyp, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar.
Raýat jemgyýeti köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde milli strategiýalaryň taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Şeýlelikde, Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir döwlet derejesindäki tagallalara däl, eýsem jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň — ylmy toparlaryň, hususy pudagyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeň gatnaşmagyna hem berk baglydyr.
Forumyň esasy maksady — DÇBÖBD-niň ösüş maksatlaryna hyzmat edýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň, öňdebaryjy tejribäniň hem-de innowasion çözgütleriň alyşylmagyny üpjün etmek, degişli taraplaryň arasynda netijeli dialog üçin platforma döretmekdir.