Awazadaky foruma Fransiýanyň wekili geldi

Awg 4, 2025 - 19:51
Awazadaky foruma Fransiýanyň wekili geldi

BMG-niň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekiliýetler gelmegini dowam etdirýär. Şu gün, 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Fransiýa Respublikasynyň wekili Türkmenbaşy şäherine geldi.

«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, foruma Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň 2030-njy ýylyň gün tertibiniň hem-de aýratyn ýagdaýdaky ýurtlaryň meseleleri boýunça jogapkär işgäri Lea Gebührer ýolbaşçylyk edýär. Hormatly myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda garşylandy.

Fransiýanyň bu möhüm halkara çärä gatnaşmagy, durnukly ösüş maksatlary we ösüp barýan ýurtlary goldamak ýaly ählumumy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar we halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňdigini ýene bir gezek tassyklar.