Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenbaşa geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenbaşy şäherine geldi.
«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Ermenistanyň Prezidenti ýokary derejede, türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt bolan Ermenistanyň bu foruma Prezident derejesinde gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gatnaşyk maslahatyň gün tertibindäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar we iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.