Awazadaky halkara foruma Çiliniň wekili geldi

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek BMG-niň üçünji maslahatynyň geografiýasy Günorta Amerika ýurtlaryny hem öz içine alýar. 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda bu möhüm foruma gatnaşmak üçin Çili Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi.
«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, Wekiliýete Çili Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Eduardo Raul Eskobar Marin ýolbaşçylyk edýär. Myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda garşylandy.
Günorta Amerikanyň wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň meseleleriniň diňe bir sebitdäki däl, eýsem ählumumy derejedäki ähmiýetini aýdyň görkezýär. Bu, tranzit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň we halkara söwda ýollarynyň diwersifikasiýasynyň wajypdygyny nygtap, ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda netijeli çözgütleriň işlenip düzülmegine ýardam berer.