Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Awaza geldi

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek BMG-niň üçünji maslahatynyň ählumumy gerimi giňemegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda bu möhüm foruma gatnaşmak maksady bilen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus Menfi Türkmenbaşy şäherine geldi.
«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Liwiýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň baştutanyna türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda dabaraly garşylyşyk görkezildi.
Liwiýa Döwletiniň Baştutanynyň bu möhüm halkara foruma gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Bu gatnaşyk deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Demirgazyk Afrika we Ortaýer deňzi sebitleri bilen ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga amatly şert döreder.
Şeýle hem bu sapar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny giňeltmek, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.