Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet Günleriniň geçiriljek senesi belli boldy
Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet Günleri 13–15 oktýabr aralygynda geçiriler.
Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi "Report" habar gullugyna habar berdi.
Medeni çäreleriň çäginde Azerbaýjana Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat giň gerimli wekiliýet sapar eder. Çärede ýurduň aýdym-saz, amaly-haşam sungaty, muzeý gymmatlyklary we milli aşhanasynyň ajaýyp nusgalary giňden görkeziler.
Mundan başga-da, Azerbaýjan Milli Kitaphanasynda "Türkmen edebiýaty burçunyň" açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Medeniýet Günleri iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine we medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşar.
Çäre 15 oktýabrda Gänjä Döwlet Filarmoniýasynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasy bilen tamamlanar.
