Sagdyn durmuş — jemgyýetiň ösüşiniň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygyny goramak, ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda amala aşyrylýan işler giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.
Häzirki wagtda diňe döwlet edaralarynda däl, eýsem, hususy pudakda-da saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanýar. Telekeçileriň we senagatçylaryň derman serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmekde, täze önümçilikleriň gurulmagynda we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýerli çig mallar esasynda öndürilýän dermanlar ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, eksport mümkinçiliklerini hem artdyrýar.
Sagdyn durmuş — diňe bir şahsy saglyk däldir. Bu düşünje jemgyýetiň ruhy, ahlak, ykdysady taýdan kuwwatlylygynyň hem beýanydyr. Şonuň üçin hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen birlikde jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde täze saglyk merkezleriniň, dermanhanalaryň, bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň gurluşygy dowam edýär. Derman senagatynyň ösdürilmegi netijesinde bolsa daşary ýurtlardan getirilýän serişdeleriň möçberi azaldylyp, içerki önümçilige aýratyn orun berilýär.
