Biologiýa dersi — bilim we terbiýe çeşmesi
Umumybilim berýän orta mekdepleriň 6 — 12-nji synplarynda biologiýa dersiniň okadylmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ders okuwçylarda janly tebigat, ýaşaýyş barada ylmy dünýägaraýşy kemala getirmekde, Watana söýgi, ahlak we zähmet terbiýesini bermegiň möhüm guraly bolup çykyş edýär.
Biologiýa dersi arkaly okuwçylar Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň ýüze çykmagynyň sebäpleri, onuň taryhy ösüşi, janly tebigatyň gurluşy we ýerine ýetirýän işleriniň ähmiýeti barada çuňňur bilim alýarlar. Şeýle hem olar adamyň hojalyk işleri arkaly tebigata ýetirýän täsiri, onuň netijeleri, şeýle-de global we sebit derejesindäki biologik üýtgeşmeler bilen tanyşýarlar. Bu bolsa ýaş nesliň daşky gurşawa bolan düşünjesini giňeldýär.
Dersde şeýle hem adam saglygyny goramagyň we berkitmegiň ylmy esaslary, sanitariýa, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşykly bilimler hem berilýär.
Biologiýa dersiniň okuw maksatnamasy iki bölümden ybarat bolup, 6 — 10-njy synplar üçin binýatlyk, 11 — 12-nji synplar üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça düzülendir. Bu maksatnamalar ýaşlaryň bilime, ylma bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň geljekde saýlap aljak hünärlerine hem berk esas bolýar.
Bu ugurda ýokary netijeler bilen işleýän mugallymlaryň biri hem Halaç etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Annabeg Rozyýewadyr. Ol biologiýa sapaklarynyň diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, okuwçylarda tebigata söýgi döretmekde hem möhüm orny eýeleýändigini nygtaýar.
