Täze “MenTalyp” mobil goşundysy işe girizildi
Giriş synaglaryna taýýarlyk indi has aňsat, netijeli we gyzykly!

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmegi maksat edinýän ýaşlar üçin niýetlenen täze “MenTalyp” mobil goşundysy ulanyjylara özbaşdak taýýarlyk görmek, bilim derejesini ölçemek we öz ukyplaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Goşundynyň esasy aýratynlyklary:
Şahsy sahypa we reýting ulgamy
– Her ulanyjy öz balyny yzarlap, reýtingde ýerini görüp biler.
Şahsy okuw meýilnamasy
– Geçiren testleriňize görä aýratyn okuw meýilnamasy düzülýär, öwrenilmeli temalar yzygiderli täzelenýär.
Ders saýlamak we synaglara taýýarlyk
– Dürli dersler boýunça taýýarlyk görmek, islegiňize görä degişli temalary saýlamak mümkin.
Geçilen temalaryň we düşündirişleriň toplumy
– Ähli temalar we düşündirişler bir ýerde jemlenip, islendik wagt elýeterlidir.
Onlaýn bäsleşik bölümi
– Ugurdaşlaryňyz bilen bäsleşikde gatnaşyp, bal gazanyp, öňdelige çykmak mümkinçiligi bar.
Şahsy režim we status gözegçiligi
– Özüňize laýyk rejede taýýarlyk görüp, ösüşiňize yzygiderli gözegçilik ediň.
Programmany şu wagt Google Play dükanyndan ýükläp alyp bilersiňiz!
Siziň okuw ýoluňyzda ygtybarly ýoldaş boljak “MenTalyp” bilen maksadyňyza has tiz ýetiň!