BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi

Awg 4, 2025 - 09:22
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistana geldi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belent mertebeli myhmanyň sapary Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden başlandy. BMG-niň we maslahata gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde Antoniu Guterriş mähirli garşylandy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişi bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.. Iki tarap birek-birege mynasyp hormat goýup, saparyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Guterrişiň bu sapary Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen tagallalarynyň nobatdaky beýany hökmünde görülýär.