Stomatologiýada kämil usullar

Awg 3, 2025 - 11:56
Stomatologiýada kämil usullar

Innowasiýalar we ýokary hilli hyzmatlar

Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly ýokary hilli stomatologiýa hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Döwrebap usullar bilen işlemäge ukyply, kärine kämil hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem merkezde stomatologiýanyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlaglar geçirilýär.

Merkez, stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk işlerini, şeýle hem çaga stomatologiýasy, hirurgiki, ortopediki we terapewtik stomatologiýa boýunça kafedralar üçin okuw binasy hökmünde hyzmat edýär.

Täsin gurluş we häzirki zaman enjamlar

Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi:

  • Çagalar bölümi,

  • Bejeriş bölümi,

  • Hirurgiýa,

  • Ortopediýa,

  • Funksional anyklaýyş,

  • Saglygy dikeldiş bölümleri ýaly birnäçe esasy böleklerden ybaratdyr.

Bu bölümleriň ählisi Germaniýanyň "Sirona-Intego" kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly stomatologiýa enjamlary, köpfunksiýaly lazer serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrylandyr.

Çagalaryň saglygy ilkinji ýerde

Çagalar bölümi:

  • Ýüz-äň ulgamynyň we agyz boşlugynyň kesellerini,

  • Agzyň nemli bardasynyň näsazlyklaryny,

  • Diş çüýremesini (kariýes),

  • Periodont kesellerini,

  • Dürli anatomiki nädogrylyklary (anomaliýalary) ýüze çykarmak we bejermek boýunça häzirki zaman lukmançylygynyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp iş alyp barýar.

Çagalar üçin niýetlenen wideo-şekilli we suratly görkezme serişdeleri bilen üpjün edilen giňişleýin otaglar, okuw-mahabat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem hünärmenler degişli kafedralaryň mugallymlary bilen bilelikde mekdeplerde, tomus-gyş dynç alyş merkezlerinde barlag we profilaktiki çäreleri geçirýärler. Bu çärelerde çagalaryň dişlerine ideg etmek, agyz arassalygyny saklamak, keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen sapaklar geçirilýär.

Bejeriş we saglygy dikeldiş hyzmatlary

Bejeriş bölüminde agzyň nemli bardasynyň, dişleriň gaty dokuma keselleriniň öňüni almak hem-de olary bejermek üçin dermanlyk ösümlikleriň melhemleri, irrigasiýa, gidromassaj, aplikasiýa ýaly häzirki zaman usullar giňden ulanylýar.

Funksional anyklaýyş we saglygy dikeldiş bölüminde:

  • Ýüz-äň ulgamynyň süňk gurluşlarynyň ýagdaýyna baha bermek,

  • Osteoporoz hadysasyny ýüze çykarmak boýunça barlaglar geçirilýär.

Bu bölümler hem ýokary tehnologiýaly Germaniýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Innowasion tehnologiýalar bilen döwrebap bejergi

Bejeriş bölümi:

  • Maýyplyk derejesindäki näsaglara hem ýokary derejeli stomatologik hyzmat berýär.

  • Täze nesil kompozit serişdeler («Filtek», «Gerculight», «Latelux», «TPH») ulanylýar.

  • Endodontiki bejergide kök kanallaryny ýokary netijeli derman hamyrlary bilen doldurmak işleri geçirilýär.

Ortopediýa bölüminde ortodontiýa gullugy hereket edýär. Bu ýerde:

  • Breket ulgamlary arkaly diş hatarlarynyň we äňleriň nädogry ýerleşişi düzedilýär.

  • «CEREC CAD/CAM» ýaly iň kämil enjamlaryň kömegi bilen winirler, lýuminirler taýýarlanylýar.

  • Dişleriň protezlemegi boýunça döwrebap usullar ulanylýar.

Hirurgiýa mümkinçilikleri

Hirurgiýa bölüminde:

  • Çagalarda we uly ýaşlylarda diş sogurmak,

  • Periostotomiýa,

  • Dil gyjalajyklaryny uzaltmak,

  • Rezeksiýa,

  • Çişleri kesip aýyrmak ýaly amallar ýerine ýetirilýär.

Ylmy-barlaglar we ösüş

Merkeziň lukmanlary, stomatologiýa ugurly kafedralaryň professor-mugallymlary bilen bilelikde ilatyň arasynda giň ýaýran diş keselleri boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýarlar. Agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak we bejermek boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen neşir edilen köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ylmy-ensiklopedik toplumy esasy gollanma hökmünde ulanylýar.

Melhem häsiýetli ösümlikleri ulanmak arkaly agyz boşlugynyň kesellerini bejermegiň täze usullaryny işläp düzmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.