Ronaldo futbolçylaryň arasynda ilkinji bolup karýerasynda 950 gol belgisine ýetdi

Okt 26, 2025 - 09:30
Ronaldo futbolçylaryň arasynda ilkinji bolup karýerasynda 950 gol belgisine ýetdi

Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" klubunda oýnaýan Kriştiano Ronaldo futbol taryhynda ilkinji bolup karýerasyndaky gollarynyň sanyny 950-e ýetirdi.

Report neşiriniň ýazmagyna görä, portugaliýaly hüjümçi Saud Arabystany çempionatynyň altynjy tapgyrynda "Al-Hazm" bilen geçiren myhmançylyk duşuşygynda tapawutlandy. Onuň golundan soň hasap "Al-Nasr" klubunyň peýdasyna 2:0 boldy.

Ronaldunyň yzysüre amerikanyň "Inter Maýami" klubunda çykyş edýän argentinaly hüjümçi Lionel Messi gelýär — onuň hasabynda 891 gol bar.

Ronaldu 40 ýaşynda, ol Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisi, milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublaryň dünýä çempionatynyň taryhynda iň köp gol geçiren futbolçydyr.

Ol "Al-Nasr" klubyna 2022-nji ýylyň dekabrynda geçdi. Karýerasy dowamynda portugaliýaly "Sporting", iňlis "Mançester Ýunaýted", italýan "Ýuwentus" we ispan "Real" klublarynda-da oýnapdy.