ChatGPT üçin ýokary tizlikli optiki çip

Iýul 21, 2025 - 18:14
ChatGPT üçin ýokary tizlikli optiki çip

ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlary ýokary energiýa sarp edijiligi bilen tanalýar. Bu meseläni çözmek üçin Optika, fotonika we lazerler merkezi (COPL) tarapyndan täze optiki çip işlenip düzüldi. Bu çip uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde geçirip bilýär we muňa garamazdan uly derejede energiýa tygşytlylygyny üpjün edýär.

Nature Photonics žurnalynda çap edilen bu açyşyň esasynda maglumat geçirmek üçin ýagtylygyň güýjüni ulanmak ýatyr. Adaty ulgamlardan tapawutlylykda, täze çip diňe bir ýagtylygyň güýjüni däl-de, eýsem ýagtylyk şöhleleriniň faza süýşmesini hem ulanýar. Bu bolsa signala täze bir ölçeg goşup, maglumat geçiriliş tizligini sekuntda 56 gigabitden 1 terabite çenli, ýagny 18 esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Täze çip häzirki wagtda giň meýdanlary tutýan we köp energiýa sarp edýän emeli aň maglumat merkezleri üçin düýpli özgeriş wadasyny berýär.