Ilon Maskyň xAI kompaniýasy «Grok» programmasyna täze wirtual kömekçi MIKA-ny goşdy

Okt 25, 2025 - 11:16
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy «Grok» programmasyna täze wirtual kömekçi MIKA-ny goşdy
Grok

Amerikaly telekeçi Ilon Maskyň esaslandyran xAI kompaniýasy özüniň emeli aňly Grok programmasyna täze wirtual kömekçi goşdy. Täze personažyň ady — Mika.

Bu täzelik bilen Grok programmasynda dördünji wirtual kömekçi peýda boldy. Şeýle hem täze obraz üçin resmi X (Twitter) sahypasy döredildi — onuň niki @M, dizaýny bolsa Grok ulgamlarynyň aýratyn görnüşine laýyklykda taýýarlanyldy.

Resmi beýannamada aýdylmagyna görä, Mika 24 ýaşly gyz hökmünde şekillendirilýär, ol motosiklleri halap, erkin we neformal stilde geýinýär. Onuň wizual keşbi gara reňkli ýyrtyk džinsslerden, futbolkadan, baýker köýnekçesinden we Konwerse kedslerinden düzülýär.

Täze aýratynlyk häzirki wagtda iPhone ulanyjylary üçin elýeterli boldy, beýleki platformalar üçin bolsa täzelenme ýakyn wagtda peýda bolar.

Bu täzeden girizilen wirtual kömekçi, Grok programmasynyň ulanyjylara has tebigy we interaktiw aragatnaşyk tejribesini bermek ugrunda edilýän ädimleriniň biri hökmünde görkezilýär.