Hazar deňzindäki täze ada suwuň çekilmegi sebäpli emele geldi

Dünýäniň iň uly köli hasaplanýan Hazar deňzi soňky ýyllarda suw derejesini yzygiderli ýitirýär. Alymlar bu ýagdaýyň sebäpleriniň arasynda global we sebit klimatynyň üýtgemegini görkezýärler. Hazar deňziniň demirgazygynda täze adanyň peýda bolmagy — deňziň çekilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu açyşy eden rus alymlary bilen Naked Science neşiri habarlaşyp, jikme-jik maglumatlary alypdy.

Iýul 21, 2025 - 18:12
Hazar deňzindäki täze ada suwuň çekilmegi sebäpli emele geldi
Снимок нового острова на севере Каспийского моря, сделанный с дрона / © Видеостудия ИО РАН, Ю. Шульгина.

Iki ýyl mundan ozal Ýewropa we Amerikanyň alymlary 1992-nji ýyldan bäri ýygnalan hemra maglumatlaryny seljerip, dünýäniň iň uly 2000-e golaý köli we suw howdanynyň ýarsynyň suw mukdarynyň azalmagyny ýüze çykardylar. Şolaryň dörtden biri bolsa, tersine, suwuny artdyrýar — suw howdanlarynda bu köplenç bentleriň gurulmagy bilen bagly, köller bolsa adam az ýaşaýan sebitlerde ýerleşýändigi üçin suwy saklaýarlar. Emma Hazar deňzi bu sanawa degişli däl. Onuň suwy birnäçe onýyllykdan bäri dürli tizlikde peselýär. Soňky tapgyr 2019-njy ýyldan başlapdy: ilkinji iki ýylyň dowamynda suw derejesi ýylda 10 santimetr peseldi, 2021-nji ýylda bolsa bu görkeziji üç esse artdy — ýylda 30 santimetre ýetdi. 2025-nji ýylyň fewralynda Hazar deňziniň ortaça derejesi dünýä ummanynyň ýüzünden 29,5 metr aşakda ýerleşýärdi.

Suwuň çekilmeginiň göze ilýän subutnamasy hökmünde, rus alymlary tarapyndan demirgazyk Hazarda açylan täze ada görkezilýär. Bu ada, kiçi Zhemçužnyý adasyndan günorta-günbatar tarapda, takmynan 30 kilometrlikde ýerleşýär. Täze adanyň iň beýik ýeri suw ýüzünden bary-ýogy 30 santimetr beýiklikde ýerleşýär. Adanyň satelit suraty ilkinji gezek 2024-nji ýylyň noýabrynda görüldi, soňky gözegçilikler bolsa onuň hakykatdan barlygyny tassyk etdi. Gözleg saparyna gatnaşan, Astrahan döwlet goraghanasynyň ylmy işler boýunça direktor orunbasary Kirill Litwinowyň bellemegine görä, ada entek at dakylmady.

«Soňky 30 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň derejesi takmynan üç metr peseldi. Bu peselme deňziň ähli ýerinde bolup geçýär, emma iň aýdyň görnüşleri çuňlugy az, deňiz düýbi haýal çuňalýan ýerlerde — ýagny Demirgazyk Hazaryň kenarlarynda göze ilýär. Şeýle ýerler Russiýanyň hem-de Gazagystanyň kenar ýakalarydyr. Bu ýerlerde deňiz birnäçe kilometrden onlarça kilometre çenli yzyna çekildi» diýip, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, akademik, P.P. Şirşow adyndaky Okeanologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Andreý Kostýanoy aýtdy.

Alymlar deňziň peselmeginiň sebäpleriniň hatarynda global howanyň üýtgemegini görkezýärler. Yagyş-ýagmurlar azaldy, derýalar deňze öňküsi ýaly suw getirmeýär, sebäbi ýer ýüzünden we deňziň üstünden suwuň güýçli bugarmagy bolýar. RAN-nyň Okeanologiýa institutynyň uly ylmy işgäri, biologiya ylymlarynyň kandidaty Stepan Podolýakoň aýtmagyna görä, 2006-njy ýyldan bäri deňziň derejesiniň düşmegi netijesinde, 2012-nji ýyldan başlap, diňe Wolga derýasynyň getirýän suwy Hazar deňzini saklaýar.

Hazar deňzinde täze adalaryň döremeginiň başga bir sebäbi hem bar — bu, deňziň günortasynda ýerleşýän palçyklary pürkýän wulkanlaryň işjeňligidir. Şeýle wulkanlaryň püskürmeleri birnäçe sagadyň dowamynda üç-bäş metr beýiklikde wagtlaýyn adalaryň emele gelmegine getirip biler. Emma şol adalar birnäçe aýyň dowamynda tolkunlar tarapyndan ýuwulyp, ýitýärler. Şonuň üçin olar "şugul adalar" diýlip atlandyrylýar. «2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Kumani ady bilen tanalýan suwuň astyndaky gaty ýerden täze ada peýda boldy. Bu ada eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri barlykda we biz onuň ýagdaýyna hemra arkaly yzygiderli gözegçilik edýäris. Şeýle adalaryň döremegine deňiz derejesiniň pese gaçýan döwründe ýerasty basyşyň artmagy täsir edip biler» diýip, Andreý Kostýanoy aýtdy.