Çilimkeşlerde ýetmezçilik edýän witamin belli boldy

Lukman Isaýew: Çilim çekýän adamlaryň gan plazmasynda С witamini pes bolýar

Sen 1, 2025 - 11:50
Çilimkeşlerde ýetmezçilik edýän witamin belli boldy

Çilim çekmek adamyň bedenindäki C witamininiň derejesine ýaramaz täsir edýär. «Gazeta.Ru» neşirine beren gürrüňinde psihiatr, narkolog lukman, doktor Isaýew klinikasynyň ýolbaşçysy, Garaşsyz narkologlar bileleşiginiň prezidenti Ruslan Isaýewiň aýtmagyna görä, çilimkeşleriň ganynda askorbin kislotasynyň derejesi çilim çekmeýänlere garanyňda ep-esli pes bolýar – hatda iýmit arkaly C witamini birmeňzeş mukdarda alynsa-da.

Lukmanyň düşündirmegine görä, bu ýagdaýyň sebäbi – çilim tüssesiniň bedende güýçli oksidleýji stres döretmegi. C witamini bolsa esasy antioksidantlaryň biri bolup, azat radikallary zyýansyzlandyrmak üçin çalt sarp edilýär. Mundan başga-da, çilim çekýänlerde askorbin kislotanyň çalşygyny tizleşýär we ol bedenden has çalt çykarylýar.

Şonuň üçin doktor Isaýew çilimkeşleriň C witaminini beýleki adamlara garanyňda has köp mukdarda kabul etmelidigini belleýär. Mysal üçin, çilim çekýän erkekler we aýallar üçin gündelik C witamini zerurlygy adaty adamlardan takmynan 35 milligram ýokary bolmaly.

Emma lukman şeýle hem şuny nygtaýar:

"Çilim sebäpli ýüze çykýan C witamin ýetmezçiligini diňe iýmit ýa-da goşmaça serişdeler bilen doly öwezini dolmak mümkin däl. C witamini hakykatdan-da immun ulgamyny, damar we deri saglygyny, şeýle-de antioksidant goragyny saklamak üçin möhümdir. Ýöne onuň ýeterlik mukdarda kabul edilmegi-de çilimiň dem alyş we ýürek-damar ulgamyna ýetirýän zyýanly täsirini aradan aýryp bilmeýär. Diýmek, goşmaça C witamini çilimkeşlik sebäpli döreýän zyýany 'ýok etmeýär', diňe bedendäki bu witaminiň çalt tükenmegini öwezini dolmaga kömek edýär."