Garramak öýjükden öýjüge geçýär: koreý alymlary täze açyş etdiler

Koreýa Uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejiniň gerontolog alymlary garramaga degişli HMGB1 belogynyň ýaş öýjükleri zeperländigini we olaryň tiz çalt könelemegine sebäp bolýandygyny ýüze çykardylar. Bu açyş "Metabolism – Clinical and Experimental" (MCE) atly ylmy žurnalda çap edildi.

Awg 13, 2025 - 16:53
Garramak öýjükden öýjüge geçýär: koreý alymlary täze açyş etdiler
Freepik

HMGB1 belogy adam bedeninde ömür boýy öndürilýär. Ýaş adamlar üçin bu belok öýjügiň içinde ýerleşip, onuň kadaly işlemegine kömek edýär. Emma ýaş ulgaldygyça we öýjükler garramaga başlanda, bu belok öýjükden daşky gurşawa çykýar.

Laboratoriýa barlaglary şunuň ýaly netijä geldi: HMGB1 daş-töwerekdäki öýjükleriň reseptorlary bilen täsirleşip, olarda hem garramak prosesini herekete getirýär. Netijede, zeper ýeten öýjükleriň özi hem HMGB1 bölüp çykarýar we bu ýagdaý bütin dokumalarda tiz ýaýraýar.

Alymlar bu belogyň iki görnüşiniň bardygyny belläp geçýärler: onuň "aktiw" görnüşi öýjükleri zeperleýär we ýanma reaksiýasyna sebäp bolýar, "passiw" görnüşi bolsa zyýanly täsir etmeýär. Synaglar görkezdi: ýaş öýjükler hem aktiw HMGB1 bilen gatnaşanlarynda bölünmegini bes edýärler we ýanma döredýän maddalary çykaryp başlaýarlar.

Bu mehanizm ilkinji gezek ýaşuly hassalaryň şikeslerini öwrenilende ýüze çykaryldy we soňra syçanlarda geçirilen barlaglar bilen hem tassyklandy. Alymlar belleýärler: garramak prosesiniň dokumalarda ýuwaş-ýuwaşdan däl-de, çalt, zynjyrlaýyn ýaýrap bilýändigi ýüze çykdy. Bu bolsa garramagy haýallatmak üçin täze usullaryň ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.