Diabete bagly ýaralaryň bitişini tizleşdirýän täze derman döredildi

Okt 30, 2025 - 16:05
Okt 30, 2025 - 16:09
Diabete bagly ýaralaryň bitişini tizleşdirýän täze derman döredildi

CCB: RAGE406R molekulasy — diabetde ýaralaryň bitişini çaltlaşdyrýar

ABŞ-nyň Albani uniwersitetiniň alymlary süýji keseli (diabet) bolan adamlarda dowamly ýaýran suwuklama (inflammasiýa) ýagdaýyny togtadyp, ýaralaryň tiz bitmegini üpjün edip bilýän täze derman döretdiler. Barlagyň netijeleri Cell Chemical Biology (CCB) žurnalynda çap edildi.

Täze derman barada

Täze serişdäniň düzüminde RAGE406R atly pes molekulaly birleşme bar. Ol köp sanly diabetik kynçylykly ýagdaýlaryň sebäbinde ýüze çykýan öýjük içi reaksiýalary basýar.
Bar bolan bejergi usullary diňe gan şekeriň derejesini kadalaşdyrmaga gönükdirilen bolsa, bu täze serişdede diabete mahsus ýüze çykýan suwuklama ýagdaýynyň öňüni almak esasy maksat edilýär.

Alymlaryň düşündirişi

Diabetli adamlaryň bedeninde şeýle diýilýän glikasiýanyň soňky önümleri ýygnanýar — olar öýjükleriň ýüzündäki RAGE reseptorlaryny işjeňleşdirýär. Bu reseptorlar DIAPH1 atly belok bilen baglanyşykly reaksiýalar zynjyryny döredip, dowamly suwuklama, gan damarlarynyň zeperlenmegine we dokumalarda dikelişiň haýallamagyna getirýär.
RAGE406R molekulasy bu maddalaryň reseptor bilen birleşmegini togtadyp, patologik prosesiň öňüni alýar.

Barlaglaryň netijesi

Derman eýýäm adam öýjüklerinde we laboratoriýa haýwanlarynda synagdan geçirildi. Netijede ol:

  • Diabetiň 1-nji görnüşine ýolugan adamlaryň ganundaky ýelme sebäpli mediatorlaryň derejesini peseltdi,

  • Ýaralaryň bitişini çaltlaşdyrdy,

  • 2-nji görnüşli diabetli syçanlarda suwuklama täsirini azaltdy.

«RAGE406R diabete bagly suwuklamanyň iň möhüm signal ýoluna täsir edýär» diýip, işiň awtorynyň biri, professor Aleksandr Şehtman aýtdy.
Onuň sözlerine görä, alymlar indi bu birleşmäniň täsir mehanizmini molekulýar we gurluşlaýyn usullar bilen öwrenmegi, soňundan bolsa derman serişdesini klinik synaglara taýýarlamagy meýilleşdirýärler.