Gan we dem alyş ýollarynyň rak keseliniň gizlin alamatlary belli boldy
Deriniň gyjynmagy, egin agyrysy we agyz guraklygy ýaly alamatlar käbir agyr keselleriň — diabetiň, deri ýa-da öýken rak keseliniň — ilkinji alamatlary bolup biler diýip, Britaniýanyň Milli Saglyk Gullugynyň (NHS) lukmany Din Eggitt we Lýublýana Uniwersitetiniň dermatology Aleksandr Godiç Daily Mail neşirine gürrüň beripdirler.
Egin agyrysy nämeden habar berýär
Lukman Eggittiň sözlerine görä, egin agyrysy bagyr ýetmezçiligi, öýken rak keselini ýa-da saryn mäziniň näsazlygyny görkezýär.
-
Sag egin tarapdaky agyrylar köplenç saryn mäzi bilen baglanyşykly bolýar,
-
Çep egin tarapdaky agyrylar bolsa ýürek kesellerine degişli bolup biler.
Şeýle hem lukman gijeki derlemegiň we birden agram ýitirmegiň rak keseliniň, limfoma keseliniň ýa-da silik (tuberkulioz) keseliniň alamaty bolup biljekdigini belläpdir.
Deriniň gyjynmagy — gan keseliniň alamaty
Dermatolog Aleksandr Godiçiň aýtmagyna görä, sebäbi anyk bolmadyk güýçli deri gyjynmasy käwagt böwrek ýetmezçiligi ýa-da gan rak keseliniň käbir görnüşlerinde ýüze çykýar. Bu ýagdaýda organizm zäherli maddalary çykaryp bilmeýär we olar deri aşagynda jemlenýär, bu hem gyjynma döredýär.
Agyz guraklygy we onuň howpy
Yzygiderli agyz guraklygy bolsa diabetiň ýa-da awtoimmün keselleriň alamaty bolup biler. Hatda bu diagnozlar tassyk bolmasa-da, süýümiň (syýuň) az çykmagy saglyga howp salýar, sebäbi süýüm diňe dişleri goramak bilen çäklenmeýär.
Barlaglar görkezýär: süýümiň düzümi bedeniň beýleki agzalaryna-da täsir edýär.
Agyz bakteriýalary bilen bagly howplar
Ylmy barlaglaryň netijelerine görä, agyz boşlugyndaky käbir bakteriýalaryň bedene aralaşmagy aşakdaky keselleriň döremek howpuny artdyrýar:
-
Revmatoid artrit,
-
Altsgeýmer keseli,
-
Insult,
-
Ýürek-damar keselleri,
-
Içege (kolon) rak keseliniň käbir görnüşleri.
