Ýewropanyň iň gymmat köçeleri belli boldy
Ýewropanyň iň gymmat köçeleri belli boldy

Meşhur maglumat-derňew kompaniýasy «Cushman & Wakefield» tarapyndan taýýarlanan sanawa görä, Ýewropadaky iň gymmat gozgalmaýan emläk ýerleşýän köçeleriň hatarynda Londonyň “New Bond” şaýoly birinji orny eýeledi. Bu köçede dükanlaryň 1 inedördül metr meýdany üçin aýlyk kärende tölegi 2 müň 758 amerikan dollaryna barabar bolup, soňky bir ýylda bu görkeziji 20% ýokarlandy.
Ikinji orunda Italiýanyň Milan şäherindäki “Montenapoleone” şaýoly ýerleşýär. Bu ýerde kärende tölegi 1 inedördül metr üçin 1 müň 780 dollar.
Üçünji orny bolsa Fransiýanyň paýtagtyndaky meşhur Şanzelize şaýoly eýeleýär – bu ýerde görkeziji 1 müň 513 dollar.
Sanawda Şweýsariýanyň Zürich şäherindäki “Bahnhofstrasse” şaýoly hem bar, bu ýerde bolsa kärende tölegi 854 dollar bolup, beýleki köçelere garanyňda has pesdir.