Elon Mask Tesla Roadster hakda täze maglumatlary aýtdy
Tesla-nyň baş direktory Elon Mask oktýabr aýynyň 31-ne Joe Rogan-yň gepleşigine myhman bolup gatnaşdy. Üç sagatlyk söhbetdeşlikde Tesla hakda kän gürrüň bolmady, ýöne alyp baryjy täze Roadster-iň çykarylyşy barada soranda, Mask muny tassyk etdi we Tesla-nyň täzelenen modeli görkezmäge golaýdygyny aýtdy. Tesla ýyllar boýy Roadster barada dürli wadalar bilen jemgyýeti gyzykdyrýardy. Kompaniýa elektromobiliň çykarylyşyny yzygiderli yza süýşürýärdi, sebäbi onuň mümkinçiliklerini adamyň hyýalyndaky ähli zatdan hem öňe geçirmäge çalyşýardy. Şu ýylyň başlarynda kompaniýa Roadster-iň ähli aýratynlyklaryny — öň aýdylanlaryny hem, düýbünden täzelerini hem görkezmek üçin «iň epiki şowhunly görkeziliş» geçirjekdigini wada beripdi. Ýöne henizem hiç kim näme garaşmalydygyny doly bileok.
«Men pikir edýärin, bu çäre taryhda iň ýatda galjak önüm tanyşdyrylyşy bolup biler. Tanyşdyrylyş, ýylyň ahyryna çenli bolar diýip umyt edýärin. Siz düşünýärsiňiz, biz ähli zatlaryň işleýändigine doly ynanmalydyrys. Bu awtoulagyň içinde örän akyl ýetmez tehnologiýalar bar. Şeý diýeýin: eger siz ähli James Bond awtoulaglaryny bileleşdirseňiz-de, biziň pikirimiz olardan-da akylyňyzy haýran galdyrjak zat bolar,» — diýip, Mask aýtdy.
Baş direktor Tesla-nyň Roadster-i ýylyň ahyryna çenli görkezmek niýetinde bolandygyny hem tassyk etdi.
Mundan ozal telekeçi täze nesil Tesla Roadster superkarynyň 100 kilometre çenli tizligi bir sekuntdan hem az wagtda aljakdygyny, gysylan howa bilen işleýän reaktiw tizlik güýçlendirijilerine, kiçi ganatlara we reaktiw uçaryňky ýaly dolandyryş şturwalyna eýe boljakdygyny belläpdi.
