“Karabag”-dan taryhy ýeňiş – Lissabonda “Benfikany” 3:2 hasaba bilen ýeňdi
Çempionlar Ligasynyň – I tapgyry
“Karabag” (Azerbaýjan) futbol topary Çempionlar Ligasynda uly sürpriz bilen çykyş etdi – Lissabonda ýerli janköýerleriň öňünde çykyş eden “Benfikany” 3:2 hasaby bilen ýeňdi.
Oýnuň gidişi:
-
Oýnuň başynda Portugaliýanyň öňdebaryjy topary “Benfika” güýçli başlady.
6-njy minutda Enzo Barreneçea hasaby açdy — 1:0
16-njy minutda Wangelis Pawlidis ikinji goly geçirip, hasaby 2:0 etdi.
Bu pursatda köp adam "Karabag" ýeňildi diýip pikir etdi. -
Emma “Karabağ” :
30-njy minutda Leandro Andrade pökgi bilen tapawudy 1 gola çenli azaltdy — 2:1
48-nji minutda Kamilo Duran garşylygyň merkezinde durup, deňme-deň hasaby gazandy — 2:2
86-njy minutda çalşylan oýunçy Oleksiý Kaşçuk, ýeňiş pökgisini geçirip, dramatiki ýeňşi gazandyrdy — 2:3
Statistikadan maglumatlar:
-
“Benfika” oýny dolandyrmaga synanyşsa-da, “Karabg” garşy hüjüm taktikasyny üstünlikli ýerine ýetirdi.
-
“Karabagyň” düzümindäki birnäçe ýaş we täze futbolçylar bu ýeňşiň gazanylmagynda möhüm rol oýnady.
-
90-njy minutda Musa Gurbanly hem oýna girizilip, topary taktik taýdan güýçlendirdi.
Geljekki duşuşyklar:
-
“Benfika”: 30-njy sentýabrda myhmançylykda “Çelsi” bilen duşuşar.
- “Karabag”: 1-nji oktýabrda öýde “Kopengagen” bilen duşuşyk geçirer.
