Financial Times: Alymlar kör adamlaryň gözüni bölekleýin dikeldýän implantat oýlap tapdy
Amerikaly alymlar kör näsaglaryň gaýtadan görüp bilmegi üçin, okamak we gündelik işleri ýerine ýetirmek ýaly zerur bolan görme ukybyny bölekleýin dikeldip biljek gözüň implantatyny oýlap tapdy. Bu barada Financial Times habar berýär.
“Bu gözleg biziň ilkinji gezek geografiki atrofiýa sebäpli kör bolan näsaglarda funksional merkezi görüşi dikeldip bilýändigimizi tassyklaýar. Bu implantat ýaş bilen bagly makulýar dejenerasiýasynyň giçki tapgyrynyň bejergisinde paradigma çalşygyny alamatlandyrýar” diýip, Bonny Uniwersitet hassahanasynyň oftalmologiýa bölüminiň ýolbaşçysy Frank Hols aýtdy. Ol bu gözlegi geçiripdir.
Habarda aýdylmagyna görä, täze tehnologiýa ýörite äýnege berkidilen kameradan ybarat. Bu kamerany näsag dakynýar. Kamera şekilleri alýar we olary simsiz görnüşde 2x2 millimetr ululykda bolan retina (gözün içki gatlagy) implantatyna geçirýär. Bu implantat ýagtylygy elektrik impulslaryna öwürýär we olary beýnä ugrukdyrýar. Gözlegiň netijesine görä, enjam ýaş bilen baglanyşykly makulýar dejenerasiýasy bilen kesellän näsaglaryň 81%-i üçin peýdaly bolupdyr.
Neşiriň bellemegine görä, bu gözleg Amerikanyň “Science Corporation” atly kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Şol kompaniýa Stenford Uniwersitetiniň oftalmologiýa professory Daniel Palankeriň taslamasy boýunça bu gözüň implantatyny öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa bu önüm üçin ABŞ-da we Ýewropada kliniki ulanmak rugsadyny almak üçin ýüz tutupdyr.
