Ýörmegiň täze, garaşylmadyk peýdasy tapyldy
Hytaý we Germaniýa alymlary ýöremek beýniniň seslere bolan reaksiýasyny güýçlendirýändigini we bu duýgurlygyň hereketiň ugruna görä üýtgeýändigini anykladylar. Barlagyň netijeleri The Journal of Neuroscience atly ylmy žurnalda neşir edildi.
Öňden bäri hereketiň görme ukybyna täsir edýändigi mälimdi, emma onuň eşidişe edýän täsiri doly düşnükli däldi. Şeýdip, Çjetszýan uniwersitetinden Lýu Tsao we Wýurzburg uniwersitetinden Barbara Hendel tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän alymlar topary beýniniň sesleri nähili gaýtadan işleýändigini barlap görmek kararyna geldiler — ýagny, adam ýöreýän we duran mahalyndaky ýagdaýlarynyň tapawudy öwrenildi.
Meýletinçiler ýörite göterilýän EEG (elektroensefalografiýa) datçikleri bilen “sekiz” şekilli ugur boýunça ýörediler, şol bir wagtda olaryň çep we sag gulaklaryna dürli ýygylykdaky sesler diňletildi. Netijede, alymlar ýüze çykardylar:
ýöreme wagty beýni sesler bilen has gowy sinhronlaşýar (utgaşýar), ýagny eşidiş maglumatlaryny durgun ýagdaýdakydan has täsirli gaýtadan işleýär.
Mundan başga-da, adam öwrülýän mahaly beýni hereket ugruna tarapdan gelýän seslere has güýçli reaksiýa berýär eken. Mysal üçin, adam sag tarapa öwrülende beýni sag gulakdaky ses signalyna has güýçli jogap berýär.
Ikinji tapgyrda meýletinçilere duýdansyz ýagdaýda gysga ses tolkynlary (şowhunly “partlama” görnüşinde) eşitdirildi. Şeýle “bölekleýin” seslere beýniniň reaksiýasy hem ýöreme wagty güýçlenýärdi — aýratyn-da, ses gapdaldan gelende.
Alymlaryň pikiriçe, beýni hereket ýagdaýyna görä eşidiş sistemasyny dinamik ýagdaýda täzeden sazlaýar, bu bolsa adama giňişlikde has gowy ugur tapmaga we duýdansyz seslere çalt jogap bermäge mümkinçilik berýär.
Bu açyş geljekde nawigasiýa hem-de eşidiş tehnologiýalaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup biler.
