Halkyň saglygynyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi açylyp, ulanmaga berildi. Bu merkez — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri üçin sanitar-epidemiologiýa gözegçiliginiň hem-de ilatyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak işleriniň kämilleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döretdi.
Merkez häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan netijelerinden işjeň peýdalanyp, ýurdumyzdaky degişli gullugyň düýpli ylmy-barlag, amaly-usulyýet, maglumat seljeriş hem-de barlaghana ulgamy hökmünde halkymyza hyzmat edýär.
Ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri
Ýurdumyzda ilaty ýokanç kesellerden goramak, arassaçylyk, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek hem-de immuno-öňüni alyş işleri bilen bagly giň möçberli işler geçirilýär. Bu işler Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan güwänamalaşdyrylan waksinalar arkaly amala aşyrylýar. Sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna tölegsiz geçirilýär.
Häzirki wagtda 14 sany ýokanç kesele garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Çagalara we uly adamlara sanjymlar yzygiderli geçirilip, immuno-öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda amala aşyrylmagy hem-de ilatyň işjeň gatnaşmagy netijesinde ýokanç keselleriň derejesi ep-esli azaldy.
Halkara hyzmatdaşlyk we üstünlikler
Halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkeziň referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi 2019-njy ýylyň sentýabrynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan dümew boýunça Milli merkez derejesine laýyk görülip, degişli wezipeleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.
2021-nji ýylyň dowamynda geçirilen işleriň hem-de barlaghanalaryň gözegçiliginiň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde bu derejesini saklap gelýär. Bölümde gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keselleri anyklamak boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan iberilen nusgalaryň barlaglary geçirilýär. Alnan netijeler barlaghana işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Merkezde şeýle hem BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasy bilen:
-
ýokanç keselleriň tebigatyny we häsiýetini öwrenmekde genom lukmançylygyny ösdürmek,
-
hünärmenleri daşary ýurtlara ibermek,
-
daşary ýurt hünärmenleriniň gelip, iş ýerlerinde tejribe alyşmak,
-
okuw maslahatlaryny geçirmek,
-
ýokanç keselleriň öňüni almak,
-
sanly ulgamy ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.
Iýmit howpsuzlygy we halkara ykrar edilme
2020-nji ýylda Merkeziň iýmit önümleriniň barlagy bölüminiň düzümindäki barlaghanalarda:
-
iýmit önümleriniň bakteriologik barlaglary,
-
molekulýar-genetiki,
-
immunoferment usullary arkaly barlag işleri geçirilýär.
Bu işler ISO/IEC 17025:2017 halkara standartyna laýyklykda "Latwiýanyň milli akkreditasiýa býurosy" tarapyndan akkreditasiýa edilip, degişli bölümlere akkreditasiýa şahadatnamalary berildi.
Şeýle hem Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde BSGG-niň ýardamy bilen "FEEDcities" taslamasynyň çäklerinde transýaglary we duzlaryň düzümini anyklamak boýunça ilkinji gezek barlaghana barlaglary geçirildi.
2019-njy ýyldan bäri bu merkezde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýena kafedrasy hereket edýär. Bu bolsa merkeziň halkara akkreditasiýadan geçen iýmit barlaghanalarynda talyplara okuw we iş tejribe sapaklaryny geçmäge mümkinçilik berýär.
Ýokanç keselleriň ýok edilmegi we halkara güwänamalar
Ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýurdumyzda ýok edilendigini tassyklaýan halkara güwänamalar bar. Bu bolsa ýurdumyzda lukmanlaryň keselleriň öňüni almakdaky tejribesiniň ýokarydygyny görkezýär. Bu tejribäniň BSGG-niň Ýewropa sebit ýurtlarynda peýdalanylmagy üçin maslahat berilmegi bolsa gazanylan üstünlikleriň beýanydyr.
Hil menejmenti ulgamynda öňdebaryjylyk
2024-nji ýylda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçirilýän barlaghana işleriniň "Hil menejmentiniň ulgamy" boýunça TDS ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi tassyklandy. Bu ýerde barlaghana gözegçilikleriniň ýokary hilli üpjün edilýändigi we lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileriniň ýokary talaplara laýyk gelýändigi resmi taýdan ykrar edildi.
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde alnyp barylýan işleriň halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän "Saglyk" Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.