Ýürek infarktyndan soň onuň dikelişini çaltlaşdyrmagyň täze usuly tapyldy

Okt 30, 2025 - 16:42
Ýürek infarktyndan soň onuň dikelişini çaltlaşdyrmagyň täze usuly tapyldy

CR: Circ-CDR1as molekulasy infarktdan soň ýürek öýjüklerini dikeldýär

ABŞ-nyň Templ uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň alymlary ýürek infarktyndan soň ýüregiň dikelişine kömek edýän öň mälim bolmadyk bir mehanizmi ýüze çykardylar. Bu barada Circulation Research (CR) žurnaly habar berdi. Alymlaryň bellemegine görä, bu prosesiň esasy rolyny Circ-CDR1as atly halka görnüşli RNK molekulasy ýerine ýetirýär.

Halka görnüşli RNK näme?

Halka görnüşli RNK – ujy birleşip, halka emele getirýän molekuladyr. Soňky ýyllarda şeýle molekulalar keselleri anyklamakda we diagnoz goýmakda biomarker hökmünde ulanylýar.
Syçanlarda geçirilen synaglaryň dowamynda alymlar Circ-CDR1as molekulasynyň immun öýjükleriň “dikeldiş ýagdaýyna” geçmegine ýardam edýändigini we zeper ýeten dokumalarda ýelmäni (inflammasiýany) azaltýandygyny anykladylar.

Makrofaglaryň orny

Alymlaryň düşündirişine görä, ýüregiň trawmadan soňky täzeden döremeginde (regenerasiýasynda) esasy orny makrofaglar atly öýjükler eýeleýär.
Bu öýjükler ilki bilen patogenleri we ölen öýjükleri ýok edýärler, soň bolsa bejeriş we täzeden gurluş proseslerini başlaýarlar. Emma infarktdan soň Circ-CDR1as molekulasynyň derejesi keskin azalýar, şonuň üçin makrofaglaryň işi bozulýar we ýüregiň dikelişi haýallaýar.

Täzeden dikeldilen molekulanyň täsiri

Alymlar bu molekulanyň derejesini kadaly ýagdaýa getirende, haýwanlaryň ýürek dokumasy has çalt dikeldi we zeper ýeten ýerleriň möçberi azaldy.

Gelejekki mümkinçilikler

Barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, bu açyş ýüregiň tebigy dikeldiş mehanizmini işjeňleşdirýän täze derman serişdelerini döretmek üçin esas bolup biler. Şeýle-de bolsa, bu ugurda kliniki dermanlar taýýarlanmanka, adamlar bilen giňişleýin ylmy barlaglar zerurdyr.