Alymlar ajy tagamly önümleriň beýniniň işine nähili täsir edýändigini anykladylar
CRFS: Kakao we miweleriň dilden galýan tagamy beýniniň işini güýçlendirýär
Ýaponiýanyň Sibaura Tehnologiýa institutynyň alymlary, kakao, gyzyl şerap we miweleriň düzüminde bar bolan flawanollaryň beýnini tagam duýujy reseptorlaryň üsti bilen işjeňleşdirip, ýady, ünsüni we öwreniş ukybyny gowulandyrýandygyny anykladylar. Iň täze gözlegiň netijeleri Current Research in Food Science (CRFS) žurnalynda neşir edildi.
Flawanollaryň nerw öýjüklerini gorap, düşünje (kognitiw) funksiýalaryny gowulandyrýandygy ozal hem mälimdi. Emma olaryň biouýgunlygy, ýagny bedene siňýän mukdary örän pes bolýar. Şonuň üçin ýapon alymlary bu birleşmeleriň beýniniň işine nähili täsir edýänini düşündirmek üçin olaryň dilden galýan tagamynyň hut özüniň merkezi nerw ulgamyny oýandyryp bilýändigini barlap gördüler.
Guýrukly synag haýwanlarynda geçirilen tejribelerde flawanollar bedene 25 we 50 mg/kg möçberinde agyz arkaly berildi. Dolandyryş topary diňe distillendirilen suw aldy. Netijede, flawanol alan haýwanlar has işjeň, giňişlikde has gowy ugry tapýan we çalt öwrenýän bolup çykdy.
Biokhimiki barlaglar beýniniň motiwasiýa, üns we stres reaksiýasy bilen bagly böleklerinde dopamin, noradrenalin we olaryň öňdebaryjy maddalarynyň derejesiniň ýokarlanandygyny görkezdi. Şeýle-de nerw geçiji maddalaryň sintezine we daşalmagyna gatnaşýan fermentleriň işjeňligi güýçlendi, şol bir wagtyň özünde bolsa, beden güýji we tolgundyryş ýagdaýynda bölünip çykýan kateholaminleriň möçberi peşewde ýokarlandy.
Alymlar şeýle hem gipotolamusyň parawentrikulýar ýadrosynyň aktiwleşendigini belläp geçdiler — bu ýer bedeniň stres ýagdaýyny we simpatiýa nerw ulgamynyň işini dolandyrýar. Gözlegçileriň sözlerine görä, flawanollaryň kabul edilmegi bedende ýaşyl türgenleşigiň (ýumşak fiziki işjeňligiň) täsirine meňzeş reaksiýa döredýär.
Gözlegiň ýolbaşçysy, doktor Ýasýuki Fujiniň düşündirişine görä, flawanollaryň ajy we turşy tagamy duýujy nerwleriň üsti bilen beýnine signal ugradyp, merkezi nerw ulgamyny oýandyryp bilýär. Şeýdip, bu birleşmeler bedene az siňse-de, beýniniň we tutuş beden ulgamynyň işini güýçlendirýän fiziologiki prosesleri başlap bilýär.
