Google-yň täze kwant prosessory Willow dünýäniň iň güýçli superkompýuterlerinden 13 müň esse çalt işledi

Okt 25, 2025 - 11:33
Google-yň täze kwant prosessory Willow dünýäniň iň güýçli superkompýuterlerinden 13 müň esse çalt işledi
Surat:Google

Google kompaniýasynyň kwant emeli aň boýunça ylmy topary täze üstünlik gazandy — olar täze Willow atly kwant prosessoryny tanyşdyrdy. Täze enjam 105 kubitden ybarat bolup, käbir hasaplamalary dünýäniň iň güýçli superkompýuterlerinden 13 000 esse çalt ýerine ýetirip bilýändigi mälim edildi.

Willow prosessory ilkinji gezek Quantum Echoes atly ýörite algoritm testinden üstünlikli geçdi. Bu synag kwant sistemalarynyň içindäki “haos” derejesini ölçemek üçin döredilen. 2019-njy ýylda görkezilen Sycamore prosessorynyň synagy diňe tötänleýin hasaplamalarda üstünligi görkezse, Willow-nyň netijeleri has giň ylmy ähmiýete eýedir. Ol molekulalaryň gurluşyny we elektronlaryň hereketini has takyk modelleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Google-yň baş fizikleri tarapyndan bellenilişi ýaly, Willow elektrik zynjyrlarynyň “emeli atom” ýaly hereket edip bilýändigini subut edýär. Bu bolsa alymlara hakyky atomlaýyn täsirleşmeleri adaty çäklendirmesiz öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Willow-nyň her bir kubiti bir wagtda birnäçe ýagdaýda bolup, beýlekiler bilen “baglanyşykly” işläp bilýär. Bu aýratynlyk hasaplamalaryň bir wagtda birnäçe ugurda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Täze prosessoryň takyklygy hem ýokary derejede:

  • Bir kubitli amallar — 99,97% takyklyk,

  • “Baglanyşykly” operasiýalar — 99,88% takyklyk bilen ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de bolsa, alymlar kwant ulgamlarynyň doly durnukly ýagdaýyna ýetmek üçin ýene-de birnäçe kynçylyklar bardygyny belleýärler — esasan-da “ýalňyş düzedişli logiki kubitleriň” döretmek meselesi heniz açyk.

Şeýle-de bolsa, Willow prosessory diňe bir demonstrasiýa däl, eýsem, geljekki ylmy barlaglar üçin täze tapgyr açýan uly ösüş hökmünde häsiýetlendirilýär.