Ýaponiýada Sharp 2027-nji ýylda ilkinji elektromobilini çykarar
Ýaponiýanyň meşhur elektronika öndürijisi Sharp awtoulag bazaryna resmi taýdan girýär. Kompaniýa ilkinji awtoulagyny 2027-nji ýylda Ýaponiýada satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
Täze elektromobil konsepsiýa görnüşinde LDK+ ady bilen tanyşdyryldy. Bu model doly elektrik hereketlendirijisine eýe bolup, 2024-nji ýylda görkezilen prototip bilen deňeşdirilende önümçilik derejesine has ýakyn hasaplanýar. Onuň gurluşy miniwen görnüşinde bolup, maşgala ulaglary üçin niýetlenendir.
Täze LDK+ awtoulagynyň öňki bölegi has döwrebap dizaýn bilen bezelendir — LED çyralary we Sharp-yň logotipi awtoulagyň radiýatoryna integrirlenen. Ulagda süýşän gapylar, tekiz pol, öwrülýän sürüji oturgyjy we ýygnalýan stoluň ýerleşýän konsoly bar. Yzky oturgyçlar üç ýolagçy üçin giň ýer döredip, rahat “myhmanhana” görnüşli içki atmosfera berýär.
Sharp bu ulagda öz tehnologiýasy bolan AIoT (Artificial Intelligence of Things) ulgamyny ulanýar. Bu ulgam arkaly elektromobil öýdäki enjamlar — howa sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar, smart-öý ulgamlary bilen aragatnaşyk saklap bilýär. Şeýle-de ulag V2H tehnologiýasyny (öý energiýa ulgamy bilen iki taraplaýyn gatnaşyk) goldaýar we ýaşyl energiýa, ýagny gün panelleri bilen integrasiýa mümkinçiliklerine eýe.
Täze LDK+ konsepsiýasy barada giňişleýin maglumatlar 30-njy oktýabrda geçiriljek Japan Mobility Show sergisinde görkeziler. Şol bir wagtyň özünde, Sharp kompaniýasy bu ugurda Foxconn-yň önümçilik mümkinçiliklerinden hem peýdalanýar.
Täze elektromobil ilkinji nobatda Ýaponiýanyň içki bazarynda, soň bolsa Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda satuwa çykarylar.
