Düýe çaly — bedene güýç, jan saglygyna şypa

Okt 20, 2025 - 19:01
Düýe çaly — bedene güýç, jan saglygyna şypa

Düýe süýdi adam saglygy üçin iň peýdaly tebigy önümleriň biridir. Halkymyzyň gadymdan bäri ulanyp gelýän düýe çaly bolsa şol süýdiň iň şypaly görnüşidir. Ol diňe teşneligi gandyrman, eýsem bedeniň goranyş ukybyny güýçlendirýär, dürli ýokanç we içege keselleriniň öňüni alýar.

Lukmançylyk çeşmelerinde, şol sanda Lukman Hekimiň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eserinde düýe çalynyň çagalar we uly ýaşly adamlar üçin iň peýdaly içgileriň biri bolandygy bellenilýär. Ol iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar, semizlikden ejir çekýänlere hem peýdalydyr.

Düýe süýdünden diňe çal däl, eýsem agaran, süzme, peýnir, gurt ýaly süýt turşy önümleri hem taýýarlanylýar. Şeýle önümler öz düzümindäki C we D witaminleriniň, şeýle-de fosfor we kalsiniň baý mukdary bilen bedeniň ösüşine we immunitetiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Halk arasynda aýdylýan: «Düýe malym — dünýe malym» diýen nakyl hem onuň gymmatyny görkezýär. Rowaýatlarda Lukman Hekimiň:

«Düýe çaly siziň ähli derdiňize dermandyr, düýe malynyň bar ýerinde kesel golaýyňyza gelmez»
— diýip aýdan sözleri onuň gudratly güýjüne bolan ynamy tassyklaýar.

Düýe çaly taýýarlamak üçin täze saglyp alnan süýde gönezlik goşulýar we 1,5 esse suw bilen garylýar. Birki günden soňra tebigy ýagdaýda taýýar bolan bu içgi iýmit siňdiriş üçin ýeňil, ýokumly hem-de bedene güýç berýär.

Ylmy barlaglara görä, arwana düýeleriniň süýdünde belogyň mukdary 3,6%, ýagyňky — 4,5%, süýt şekeriniňki bolsa 5% töweregindedir. Bu görkeziji düýe süýdüni çagalar, göwreli zenanlar we bedeni gowşan adamlar üçin aýratyn peýdaly edýär.

Düýe süýdi we çaly:

  • bagyr we ýürek-damar kesellerinde,

  • süýjüli diabetde,

  • allergiýada,

  • nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda we

  • immuniteti güýçlendirmekde giňden peýdalanylýar.

ÇAL IÇIŇ — SAGDYN BOLUŇ!
Bu tebigy içgi bedeniň janlandyryjy güýji bolup, halkymyzyň müňýyllyklardan bäri synagdan geçen saglyk çeşmesidir.