«Gumly gelniň» ykbaly
Käbir eserler bolýar, wagtyň geçmegi bilen olaryň içindäki wakalar halk içindäki rowaýata öwrülip gidýär. Olaryň döreýşi baradaky gürrüňler bolsa il içinde dürli öwüşgine eýe bolýar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Gumly gelin» atly meşhur şygryny-da şolaryň hataryna goşup bolar. Birmahallar aýdyma öwrülip giden bu goşgynyň döreýşi barada eşiden gürrüňimi ýatlasym geldi.
Şahyr Kerim Gurbannepesow 1952-nji ýylda gadymy Uzboýuň ugrundaky ýerlerde döredijilik saparynda bolýar. Şonda onuň ýoly häzirki Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga obasynyň üstünden düşýär. Bu barada şahyr «Çöl gyzy» atly goşgusynda: «Ganatlaryň aşagyndan göründi, Şaly Ýasga, köne Ýasga, baý Ýasga» diýip ýatlap geçýär. Şahyr bu goşguda Uzboýuň ugry
bilen dikuçarly aýlanyp ýörüşlerine çet ýerde ýalňyz oturan ak öýüň üstünden baryşlaryny beýan edýär. Ol öýden, şahyryň aýdyşy ýaly: «Otuz bäşiň töwereginde ýaşy, Pälwanyňky ýaly daýaw görki bar» gelin çykyp, myhmanlary garşylaýar. Sowuk çal, çaý-çörek hödürleýär. Kerim aga ondan maşgalasy barada soraýar. Gelin ýanýoldaşynyň urşa gidip dolanmandygyny, ýeke gyzynyňam şäherde okap ýörendigini aýdýar. Yssy howada jana şypa bolan düýe çalynyň lezzetinden joş alan şahyr bu edermen zenana bagyşlap, «Gumly gelin» goşgusyny düzýär. Biz bu gürrüňi Kerim şahyrdyr onuň ýoldaşlaryna çal hödürlän Täjigül gelniň ýalňyz gyzy Gözel ejeden eşitdik. Onuň gürrüň bermegine görä, Täjigül eje 1917-nji ýylda eneden bolup, kakasyna Teňli, ejesine Hanym diýer ekenler. Täjigül ejäniň Aly, Hangeldi, Bazar, Amanjan atly dört sany erkek doganlary, Amansoltan, Gülsoltan atly aýal doganlary bolupdyr. Onuň Beýik Watançylyk urşuna gidip, dolanmadyk ýanýoldaşy Polat Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde eneden bolupdyr. Ol çagaka ejesi bilen Ýasga obasyna gelýär. Bütin ömrüni ýeke dikrary Gözele guwanyp, adamsynyň ýoluna garap geçiren Täjigül eje 1975-nji ýylda aradan çykýar. Bu günki gün Täjigül ejäniň uly söýgi, umyt siňdiren ojagyna ýene-de Polat aga — Gözel ejäniň kakasynyň adyny dakan perzendi eýelik edýär.
