Watana bolan söýgi — zähmetde ýüze çykýar

Okt 10, 2025 - 16:52
Watana bolan söýgi — zähmetde ýüze çykýar

Toý-baýramlara beslenýän ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýunyň öň ýanynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli ugurlarda tapawutlanyp zähmet çekýän ildeşlerimiziň döwlet sylaglary bilen sarpalanmagy halkymyzyň agzybirliginiň, ruhubelentliginiň beýanydyr. Şeýle bagtyýar ildeşlerimiziň hatarynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp bolan pedagog Aýna Saparowanyň kalbynda döredýän buýsanç duýgulary hormatly döwlet sylaglarynyň ähmiýetini aýdyň görkezýär.

Aýna Saparowa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy bolup, ýaş nesle döwrebap bilim bermekde, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde yhlasly zähmet çekýär. Ol şeýle diýýär:

— Bu döwlet sylagy maňa beýik ynamy, uly borjy ýükledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň geljegimiz ýaşlaryň elindedir. Şol sebäpli biz mugallymlar üçin ýaşlara bilim we terbiýe bermek diňe bir hünär däl, eýsem, Watana hyzmatdyr. Watany söýmek — diňe bir söz bilen däl, zähmet, başarnyk, ýürek bilen ýerine ýetirýän hyzmatdyr. Bu hyzmaty birkemsiz ýerine ýetirmeklik bolsa — uly mertebedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň ösüşine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikleriň özeninde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty durýar.

— Bize döredijilikli zähmet çekmäge giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris — diýip, zehinli pedagog sözüni jemleýär.