Az hereketlilikden döreýän kesel

Işjeň hereketde bolmak beden we ruhy saglygy pugtalandyrýar, fiziki hem-de akyl zähmetine ukyby artdyrýar, immuniteti berkidýär. Az hereketlilik bolsa dürli keselleriň döremegine getirip bilýär. Şeýle keselleriň biri-de semizlikdir.
Semizlik — bu deriasty öýjüklerde, beden dokumalarynda ýaglaryň artykmaç mukdarda toplanmagydyr. Bu kesel diňe az hereketlilikden däl, eýsem, birnäçe beýleki sebäplere görä-de ýüze çykýar:
-
Nesil ýörelmesizlik
Neslinde artykmaç agramly ýakyn garyndaşlary bolan adamlarda semremek töwekgelçiligi ýokary bolýar. -
Kabul edilýän kaloriýanyň sarp edilýän kaloriýadan ýokary bolmagy
Ýokary kaloriliýaly, düzüminde mal ýaglary we çalt özleşýän uglewodlar saklanýan iýmit önümleriniň köp iýilmegi semremegiň giň ýaýran sebäpleriniň biridir. Nädogry iýmitlenilip, az hereket edilende bedende energetiki deňagramlylyk (balans) bozulýar. Başgaça aýdylanda, gündelik iýmit arkaly kabul edilýän kaloriýa — hereket edilende harçlanýan kaloriýadan köp bolýar. Artykmaç kaloriýalar ýag hökmünde bedende saklanýar. -
Nerw dartgynlylygy
Käbir adamlar howsala düşende, gaharlananda, gynananda nämedir bir zat iýmäge endik edýärler. Elbetde, halanýan tagamlar, aýratyn hem süýji nygmatlar şähdi açýar. Ýöne şeýle ýagdaý yzygiderli gaýtalansa, beden ýuwaş-ýuwaşdan agyrlaşýar. -
Semredýän endikler
Nahary häli-şindi dadyp görmek ýa-da doýan bolsa-da okarada galan nahary iýmek endigi köplenç aýallarda duş gelýär. Bu endikler wagtyň geçmegi bilen bedende artykmaç ýaglaryň toplanmagyna sebäp bolýar. -
Käbir näsazlyklar
Maddalar çalşygyň (metabolizmiň) haýallamagy, endokrin (içki öýnüş) keseller bedeniň kadadakydan agralmagyna getirip bilýär.
Semizlik näme üçin zyýanly?
Semizlik diňe bir adamyň daşky görnüşini bozman, eýsem onuň saglygyna hem uly zyýan ýetirýär. Bu näsazlygyň netijesinde ýüze çykyp bilýän keseller şular:
-
süýji kesel (diabet);
-
hereket-damarkeselleri;
-
ýürek-damar keselleri;
-
iýmit siňdiriş agzalarynyň keselleri;
-
önelgesizlik.
Semremegiň öňüni almak üçin peýdaly düzgünler
-
Günde 5–6 gezek, az-azdan iýmek maslahat berilýär.
-
Düzüminde beloklar, haýal siňýän uglewodlar, witaminler, makro- we mikroelementler bolan pes kaloriliýaly önümleri iýmek zerurdyr.
Etiň, balygyň, süýt önümleriniň az ýagly görnüşlerini saýlamak gerek. Mal ýaglaryna derek ösümlik ýaglaryny ulanmak maslahat berilýär.
Omega-3, Omega-6, Omega-9 ýaly peýdaly ýag turşulary balykda, deňiz önümlerinde, zeýtun, sygyr ýaglarynda, hozlarda saklanýar.
Ir-iýmişler, miweler, gök we bakja önümleri beden alyş-çalş haýdysalaryna oňyn täsir edýär we artykmaç ýaglaryň ýakylmagyny tizleşdirýär. -
Her gün gök çaý içmeli. Onuň düzümindäki flawonoidler iýmitiň siňmegine kömek edýär we bedeni zyýanly erkin radikallardan goraýar.
-
Hepdede bir gün berhiz tutmak peýdalydyr — ýagny, şol gün diňe etsiz, ýagsyz, gök önümli çorbalar, süle, bugdaý, tüwi, merjimek, greçka ýaly naharlar iýilmeli.
-
Agşamlyk naharyny ýatmazdan azyndan 3 sagat öň edinmek maslahat berilýär.
-
Nahardan 30 minut öň bir bulgur suw içmek peýdalydyr.
-
Dartgynly, stres döredýän ýagdaýlar ýüze çykanda, derrew iýmitlenip köşeşmäge endik etmeli däl. Onuň ýerine saz diňlemek, kitap okamak, telewizora tomaşa etmek maslahat berilýär.
-
Duza, sirkä ýatyrylan, konserwirlenen, tiz tagam önümlerini (fast-food), süýji tagamlary ýygy-ýygydan kabul etmezlik gerek.
-
Hepdede bir gezek bedeniň agramyny ölçemeli.
-
Semizlige garşy töwekgelçilik toparyna girýän adamlar (neslinde semizlik, süýji keseli, maddalar çalşygy haýal adamlar) lukman bilen yzygiderli maslahatlaşmalydyr.