Yhlas bilen ösdürilen miweli bag

Dek 21, 2025 - 09:22
Dek 21, 2025 - 09:23
Yhlas bilen ösdürilen miweli bag

Bag­ban özü­niň yh­las edip ýe­tiş­dir­ýän ba­gy­ny syn­lap, on­dan hem lez­zet, hem güýçkuw­wat al­ýar. Ge­çen asy­ryň 60-njy ýyl­la­ryn­da Ker­ki — Türk­me­na­bat aw­to­mo­bil ýo­lunyň ug­run­da, Ha­laç et­ra­by­nyň Pel­wert oba­sy­nyň de­ňin­de gu­ýy ga­zyp, bag dö­re­den Beg­my­rat aga hem şeý­le bag­ban­lar­dan­dy. Şeý­le asyl­ly ýo­ly hä­zir­ki döw­rüň bag­ban­la­ry hem üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýär­ler. Ker­ki et­ra­by­nyň Çe­kir oba­syn­da ýa­şa­ýan, seg­se­niň on­lu­gy­ny te­ge­läp bar­ýan-da bol­sa, ýe­ňil go­pu­şy «Tü­we­le­me!» diý­dir­ýän Me­ret­gel­di Gur­ba­now hem şolaryň bi­ri.
Asyl käri himiýa-biologiýa mugallymy bolan Meretgeldi aga mellek ýerinde dürli miweli agaçlary olaryň nahallaryny ekmek we sapmak arkaly ýetişdirip gelýär. Ýylyň haýsy paslynda barsaň-da, onuň mellegindäki ýyladyşhanalar gözü­ňi dokundyrýar. Limon, apelsin, hurma, hoz agaçlary, şeýle hem erigiň we almanyň dürli wagtda bişip ýetişýän görnüşleri ösüp otyr. Meretgeldi mugallym öz tejribesine daýanmak we öň­debaryjy halkara tejribeleri özleşdirmek bilen, işini yzygiderli ilerledýär. Nahallary sapmak, gülleri tozanlandyrmak ýaly tejribeler oňa köp zatlary öwretdi. Saýat etrabynyň bagbanlary bilen tejribe alyşmagy netijesinde ol sentýabr aýynda bişýän erikleri ýetişdirip başlady. Olaryň goldawy bilen Kerki etrabynda ilkinji bolup banan bagyny hem döretdi. Munuň üçin ol beýikligi ýedi metre ýetýän ýyladyşhana gurdy.
 

— Limon, apelsin, mandarin ýaly ösümlikler subtropik ýurtlarda ösýär. Olaryň nahallary tohumyndan ekilse-de, çybygyndan gögerdilse-de, biziň yssy we gurak howamyza bahym öwrenişdi. Emma banan welin örän duýgur, jöwzany halamaýan, çygly howany gowy görýän ösümlik ekeni. Şonuň üçin tomusda, epgekli günlerde emeli usulda «ýagyş ýagdyryp», ony suwaryp durduk. Şeýdibem, gülüni uçurman, bol miwe getirmegini gazandyk — diýip, tejribeli bagban Meretgeldi Gurbanow gürrüň berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz barha gözelleşip, bagybossanlyga bürenýär. Ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Meretgeldi aga bolsa bag ekjeklere öz ýetişdirýän nahallaryndan berip, bu işe mynasyp goşant goşýar. Öňümizdäki ýazky möwsümde ol özüniň her ýaşyna bir nahal — jemi 80 düýp nahal ekmegi maksat edinýär. Munuň üçin ol obanyň gyrasyndaky meýdandan ýer alyp, ol ýeri özleşdirmek işine girişdi. Tejribeli bagbanyň bu asylly başlangyjyny obadaşlary ikelläp goldadylar. Meretgeldi aganyň bazarlara aýlanmak endigi bar. Şonda ol göze ýakymly miweleri synlap, olaryň içinde üýtgeşik, öň görmedik miwesine duş gelse, bada-bat ony öwrenip, köpeltmek bilen bolýar. «Eýran hurmasy» diýilýän ösümligi mellek ýerinde ekip, onuň birnäçe düýbüni ýetişdirdi.

 Bu ösümlik ýiti uçly tikenleri bilen özüni goraýar. Otjumak agaja meň­zeş ösümligiň miwesi örän kiçi bolsa-da, tagamy süýji, üstesine, melhemlik häsiýete hem eýe. Häzirki wagtda onuň mellek ýerinde 100-e golaý miweli bag nahaly ösüp otyr. Üç sany ýyladyşhananyň içinde aýak basara ýer ýok. Meretgeldi aga dürli ýazgylar bilen bellik edilen nahallaryň her biri barada jikme-jik aýdyp berýär. Onuň şol nahallar üçin ulanýan esasy döküni bolsa mal dersidir. Kaliforniýa gurçugynyň mal dersinden öndürýän biogumusy hem halypa bagbanyň üns merkezinde.
Ol bu döküni öndürýän telekeçileriň iş usullaryny we tejribesini öwrenip, ony öz işinde ýola goýmagyň arzuwynda. Sebäbi biogumus örän ýokumly bolup, dessine täsir edip başlaýar. Mydama täzeligiň gözleginde gezýän tejribeli bagban öz sagdynlygyny bagbançylyk käriniň lezzeti-höziri bilen düşündirýär. «Bag ekseň ömrüň baky» diýlişi ýaly, halypa bagbanyň adyna ondan nahal alyp miwe ýetişdirenlerem, şol miwelerden dadyp görenler hem alkyş aýdýarlar.