AMD täze flagman prosessorlaryny taýýarlaýar

Okt 22, 2025 - 13:20
AMD täze flagman prosessorlaryny taýýarlaýar
Surat:Videocardz

AMD kompaniýasy täze nesil ýokary öndürijilikli prosessorlaryny — Ryzen 9 9950X3D2 we Ryzen 7 9850X3D — taýýarlamaga girişdi. Bu modeller ilkinji gezek goşa göwrümli keş ýat ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, “Ryzen” hatarynda täze tehnologiýanyň başlanmagyna ýol açar.

Habarlara görä, Ryzen 9 9950X3D2 modeli 16 ýadroly bolup, köp sapakly işleme mümkinçiliklerine eýe bolar. Onuň umumy TDP görkeziji 200 Wt, keş ýat möçberi bolsa 192 MB bolup, bu AMD-nyň sarp edijiler üçin öndürýän çipleriniň arasynda rekord dereje hasaplanýar. Prosessoryň bazis tizligi 4,3 GHz, iň ýokary tizligi bolsa 5,6 GHz derejesine ýetýär.

Adaty Ryzen 9 9950X3D bilen deňeşdirilende (onda 128 MB L3 keş ýat we 170 Wt TDP bar), täze modelde ikilenji kristalda goşmaça 64 MB keş ýat ýerleşdirilýär. Şonuň üçin Ryzen 9 9950X3D2 — goşa gatly keş ýat gurluşyna eýe ilkinji Ryzen prosessor bolar.

Täze hataryň ikinji wekili — Ryzen 7 9850X3D — 8 ýadroly we 16 sapakly bolup, 120 Wt TDP bilen işleýär. Ol 96 MB L3 keş ýat we 5,6 GHz tizligi bilen üpjün edilip, öňki Ryzen 7 9800X3D-den 500 MHz has çalt işleýär.

Bu maglumatlaryň çeşmesi hökmünde tanalýan insaýder @chi11eddog, ozal hem AMD-nyň Ryzen 9 7900, Ryzen 7 7700 we Ryzen 5 7600 modelleriniň bahalaryny dogry çaklany bilen tanalýar.