Garran adamlaryň fiziki güýjini peseldýän azyk önümleri

Noý 1, 2025 - 10:02
Garran adamlaryň fiziki güýjini peseldýän azyk önümleri

Nutrients žurnalynda çap edilen täze ylmy işde halkara alymlar topary, aşa gaýtadan işlenen azyk önümleriniň (AGIÖ) ýokary derejede sarp edilmeginiň fiziki güýji peseldýändigini anyklady. Hususan-da, bu azyklar erkeklerde we aýallarda ýöreme tizliginiň peselmegine, erkeklerde bolsa tutuş güýjüniň gowşamagyna getirýär.

Barlag Framingham Offspring Cohort atly meýilnama boýunça 2 547 gatnaşyjynyň maglumatlaryna esaslanyp alnyp baryldy. Olara ortaça 10,8 ýyl dowam eden ylmy gözegçilik geçirildi.

Her bir goşmaça aşa gaýtadan işlenen azyk birligi fiziki hereketiň haýallamagy bilen baglanyşykly boldy — ýöreme tizligi ýylda 0,001 metr/sekunt peseldi. Erkeklerde tutuş güýjüniň her ýylda ortaça 0,02 kilogram azalýandygy hem bellendi (p = 0,04).

«Netijeler görkezýär, aşa gaýtadan işlenen azyklar hereket ukybynyň we güýjüň kem-kemden peselmegine ýardam edip biler» diýip, Şiwani Sahni, Hinda we Artur Markus Adyndaky Garramak boýunça Barlaglar Institutynyň iýmitlenme programmasynyň müdiri we Garward Lukmançylyk mekdebiniň dosenti aýtdy.

«Aşa gaýtadan işlenen azyklaryň sarp edilmegini çäklendirmek hem-de iýmitde tebigy, iýmit gymmatlyklaryna baý önümlere üns bermek — bedeniň güýjüni we sagdyn garramagy saklamakda möhüm ädimdir» diýip, barlagyň esasy awtory, Elza Koniçinski, Tafts Uniwersitetiniň Fridman iýmit we syýasat ylymlary mekdebinden belläp geçdi.

Awtorlaryň pikiriçe, bu netijeler iýmitlenmegiň garran adamlaryň saglygyny goldamakdaky möhüm ornuny görkezýär hem-de aşa gaýtadan işlenen azyklaryň fiziki güýje ýetirýän biologiki täsirlerini has içgin öwrenmegiň zerurdygyny tassyklaýar.