Hytaý pes orbitadaky internet ulgamyna degişli hemra toplumyny uçurdy

Noý 10, 2025 - 12:10
Hytaý pes orbitadaky internet ulgamyna degişli hemra toplumyny uçurdy
Depositphotos

Hytaý pes orbitadaky hemralaryň täze toplumyny — 13-nji toparyny üstünlikli uçurdy. Bu barada Hytaýyň Merkezi Telewideniýesi habar berýär.

Uçurylyş ýerli wagt bilen sagat 10:41-de (Moskwa wagty bilen 05:41-de) “Çançžen-12” (Long March-12) kysymly ýük raketasynyň kömegi bilen Hainan adasyndaky täjirçilik kosmodromyndan amala aşyryldy. Barlaglaryň netijesine görä, ähli hemralar bellenilen orbitasyna üstünlikli çykypdyr.

Mundan ozal habar berlişi ýaly, hytaý kompaniýasy Galactic Energy 2028-nji ýylda raketalary kosmosa ugratmak üçin ilkinji elektromagnit ulgamyny dünýäde hödürlemegi meýilleşdirýär.

Bellenilişine görä, bu ulgam maglew (magnitli süýşüw) prinsipinde işleýär we ýokary geçirijilikli magnitleriň kömegi bilen raketany hereketlendirijisi işe girmezden ozal üýtgeşik tizlik — sesden çalt tizlige çenli ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ulgam adaty raketa uçurylyşlaryndan has sessiz bolar hem-de raketa ýangyjynyň sarp edilmegini ep-esli azaldar.