Ýewropa kosmos agentligi täze Mona Luna atly Aý awtoulagynyň konseptini hödürledi — 750 kg agramy we 20 km/s tizligi bilen

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda, Ýewropa kosmos agentligi (ESA) täze nesil Aý ulagynyň konseptini — Mona Luna atly lunohody (Aýda hereket edýän robot) tanyşdyrdy. Ulagyň dizaýny adatdan daşary bolup, hatda oňa «Aý arabasy» diýen gülkünç at hem dakyldy — diňe öňünde at ýetmeýär diýilýär.

Iýun 23, 2025 - 18:54
Ýewropa kosmos agentligi täze Mona Luna atly Aý awtoulagynyň konseptini hödürledi — 750 kg agramy we 20 km/s tizligi bilen

Mona Luna-nyň tehniki aýratynlyklary:

  • Uzynlygy: 2,5 metr

  • Ini: 1,64 metr

  • Agramy: 750 kilogram

  • Iň ýokary tizligi: 20 km/s çenli

  • Maksat: Aýyň ýüzüni öwrenmek we enjamlary daşamak

Taslamanyň maksady

Mona Luna — özüni dolandyrýan (awtonom) ulag bolup, ol Aýyň çylşyrymly we deňsiz-selçeksiz ýüzünde, pes agyrlyk güýji şertlerinde hereket edip biler. Ol diňe ylmy gözlegler üçin däl, eýsem enjam daşamak, maglumat ýygnamak ýaly dürli tehniki maksatlara hyzmat eder diýip meýilleşdirilýär.

Herçend taslama entek irki ösüş tapgyrynda bolsa-da, inženerler onuň ýakyn wagtlarda Ýewropa-nyň Aýa gönükdirilen missiýalarynyň biriniň möhüm bölegi boljakdygyna umyt edýärler.