Russiýada öýjükli aragatnaşyk boýunça «super ulgam» işe girizmegi meýilleşdirilýär: bu näme we ulanyjylar üçin näme üçin möhüm?

Häzirki wagtda gürrüňler diňe gepleşik derejesinde alnyp barylýar we uly operatorlaryň hiç biri bu işe resmi taýdan gatnaşýandygyny tassyklanoklar. Şeýle-de bolsa, bu taslama amala aşyrylsa, Russiýanyň mobil aragatnaşyk bazaryna uly täsir edip, millionlarça ulanyjy üçin elýeterliligi we aragatnaşyk hilini ýokarlandyryp biler.

Iýun 26, 2025 - 17:41
Russiýada öýjükli aragatnaşyk boýunça «super ulgam» işe girizmegi meýilleşdirilýär: bu näme we ulanyjylar üçin näme üçin möhüm?

Russiýada "multi ulgam" ýa-da şeýle atlandyrylýan öýjükli "super ulgam" peýda bolup biler. Bu ulgam ulanyjylara haýsy operatoryň signalynyň belli bir ýerde güýçlidigine baglylykda awtomatiki birikmäge mümkinçilik berer. Bu başlangyjy hödürleýän "SberMobil" — Sberbankyň degişli wirtual operatory. Kompaniýa eýýäm "uly dörtlük" diýip tanalýan operatorlar — MTS, MegaFon, Beeline we Tele2 bilen gepleşiklere başlady.

Multi ulgam nähili mümkinçilikleri berýär?
Multi ulgam dürli operatorlaryň aragatnaşygyň hiline baglylykda, ulanyjynyň enjamynyň awtomatiki görnüşde beýleki bir operatora geçmegine mümkinçilik berýär. Mysal üçin, bir operatoryň signaly gowşak bolsa, smartfon bada-bat aragatnaşyk üzülmezden başga bir güýçli signally tora birikýär.

Häzirki ýagdaý
"SberMobil" häzirki wagtda dürli operatorlaryň infrastrukturasyny ulanýar, ýöne her sebitde diňe bir operatora baglanyşykly. 69 sebite çenli bu Tele2, galanlarynda bolsa MegaFon we Krymda "Miranda".

Daşary ýurt tejribesi
ABŞ-da US Mobile ýaly kompaniýalar üç operatora bir wagtda girmegi hödürleýär — ulanyjy özüne laýyk tory saýlap bilýär. "SberMobil" bu ulgamy Russiýada hem uly maýa goýum goýmazdan ornaşdyryp boljandygyna ynanýar.

Ulanyjylar üçin peýdasy

  • Has durnukly aragatnaşyk we internet;

  • Syýahat wagtynda has gowy öýjüklli aragatnaşly örtük;

  • Bäsdeşlik sebäpli baha peselmegi mümkin.

Operatorlar näme diýýär?
Adaty operatorlar bu başlangyjy öz biznesine howp hökmünde görüp bilerler. Sebäbi olar torlaryny goramaly we ösdürmeli, MVNO ýaly kompaniýalar bolsa bu çykdajylary çekmeýärler. Emma "SberMobil" uly trafik üpjün etse, hyzmatdaşlyk olar üçin hem girdejili bolup biler.

Sanlar bilen gysgaça:

  • Russiýadaky MVNO-laryň jemi ulanyjysy: 20 milliondan gowrak;

  • "SberMobil": 3,5 million ulanyjy (bazar paýynyň 6%-i);

  • Lider: "Yota" — MVNO bazarynyň 40%-i ("MegaFon"-a degişli).