Informatika sapaklarynda logiki pikirlenme ösdürilýär
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde alnyp barylýan informatikanyň mazmuny häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Şol sanda, Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebinde hem okuwçylaryň logiki we algoritmiki pikirlenmesini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu barada şol mekdebiň informatika mugallymy Muhabbat Usmanowa gürrüň berýär.
Mugallymyň bellemegine görä, häzirki wagtda informatikanyň 8-nji synp boýunça mazmunynda diňe bir programma üpjünçiligi däl-de, okuwçylaryň logiki pikirlenme ukyplaryny ösdürýän metodlara giň orun berilýär. Sapaklarda:
-
Deňeşdirmek,
-
Analiz we sintez etmek,
-
Toparlara bölmek we umumylaşdyrmak ýaly usullar ulanylýar.
“Maksadymyz — okuwçylaryň diňe kompýuterleri ulanmagy däl-de, durmuşda ýüze çykýan dürli meseleleri seljermek we çözmek başarnygyny ösdürmekdir” diýip, mugallym Muhabbat Usmanowa nygtaýar.
Sapaklar döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen geçirilýär. Okuw otaglarynda kompýuterler, interaktiw tagtalar, slaydlar we prezentasiýalar arkaly maglumatlar düşnükli görnüşde beýan edilýär. Şeýle hem okuwçylara:
-
Ýazuw arkaly maglumat saklanyşy,
-
Ideografik we piktografik ýazuw görnüşleri,
-
Grafiki maglumatlaryň — suratlaryň, diagrammalaryň, kartalaryň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje berilýär.
Informatika sapaklary beýleki dersler — matematika, taryh, dil we geografiýa bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa okuwçylaryň dürli ugurdan pikirlenme ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Sapagyň dowamynda we soňunda geçirilýän sowal-jogap we pikir alyşmalar, okuwçylaryň aktiw gatnaşmagyny üpjün edýär.
Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdepde geçirilýän informatika sapaklary, ýaş nesliň diňe tehnologiýany özleşdirmegini däl-de, giň pikirlenme ukybyny ösdürmegini maksat edinýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
