iQOO 15 – Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen Hytaýda satuw rekordyny täzeledi

Okt 23, 2025 - 09:09
iQOO 15 – Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen Hytaýda satuw rekordyny täzeledi
Surat:iQOO

Täze iQOO 15 smartfony Hytaýda gaty gysga wagtyň içinde ägirt uly meşhurlyga eýe boldy. Bu enjam Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen işleýän iň elýeterli flagman smartfonlaryň biri bolup, ilkinji günündäki satuwy boýunça öňki model iQOO 13-den 280% has ýokary netije görkezdi.

Kompaniýanyň resmi maglumatyna görä, iQOO 15 satuwa çykarylandan soň ilkinji 4 sagadyň dowamynda 142 müňden gowrak enjam satyldy. Bu görkeziji iQOO markasynyň taryhyndaky iň ýokary satuw boldy. Şeýle hem smartfon Tmall söwda platformasynda “Täze Android-smartfonlaryň çempiony” diýlip yglan edildi.

Şeýle-de, täze modeliň ilkinji 30 minutdaky satuw möçberi öňki iQOO 13 modeliniň bir günde gazanan netijesinden hem geçdi.

Täze iQOO 15 güýçli Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen işleýär. Smartfon Samsung tarapyndan öndürilen 2K 144 Hz ekrana eýe bolup, oýny we wideolary iň ýokary durulykda görkezýär.

Awtomatlaşdyrylan energiýa dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilen 7000 mA·s batareýa 100 watt tiz zaryad tehnologiýasyny goldaýar — bu bolsa batareýanyň birnäçe minutda doly zaryad bolmagyna mümkinçilik berýär.

Smartfon üç sany 50 megapiksel kamera bilen enjamlaşdyrylyp, ýokary hilli surat we wideo düşürmek üçin niýetlenendir.

iQOO 15-iň başlangyç bahasy 590 amerikan dollar. Şeýle elýeter bahasy we güýçli aýratynlyklary sebäpli täze model köp ulanyjy tarapyndan “bahasyna görä iň güýçli flagman” diýlip atlandyryldy.