FRI: bergamot ösümliginiň ýapraklarynyň ekstrakty ýagly bagyr keseline garşy göreşmäge täsir edýär
Braziliýaly alymlar — San-Paulu Uniwersitetinden we Rio-Grandi-du-Sul Federal Uniwersitetinden — bergamot ösümliginiň ýapraklarynyň ekstraktlarynyň (Citrus bergamia) metaboliki deňagramlylygy dikeldip, semizlik wagtynda bagyr gorap bilýändigini anykladylar. Iş Food Research International žurnalynda neşir edildi.
Barlagda semizlik döredilen laboratoriýa syçanlaryna birnäçe hepdäniň dowamynda bergamot ösümliginiň ýapraklarynyň ekstrakty berildi. Barlagyň ahyrynda haýwanlarda lipid çalşygynyň görkezijileri gowulaşdy: umumy holesteriniň we trigliseridleriň derejesi peseldi, "gowy" HDL-holesteriniň möçberi bolsa ýokarlandy. Mundan başga-da, syçanlar agramlaryny we umumy ýag massasyny azaltdylar.
Biuhimiki seljerme bergamotyň güýçli antioksidant we öňüni alyjy (protiwosypalitelnyý) täsiriniň bardygyny görkezdi. Bu birleşme bagyr öýjüklerindäki kislorodyň işjeň görnüşleriniň we çişme dörediji sitokinleriň mukdaryny azaldýar. Şeýle täsirler semizlik bilen baglanyşykly metaboliki ýagly bagyr keseliniň ösmeginiň öňüni alýar.
Awtorlar bergamot ösümliginiň ýapraklarynyň ekstraktlarynyň metaboliki bozulmalaryň öňüni alyşynda tebigy serişde hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtaýarlar. Olar aýdýarlar, indiki tapgyr — adamlarda kliniki synaglary geçirmek bolar. Bu synaglar dermanlyk serişdäniň iň oňat dozalaryny kesgitlemäge we uzak möhletli ulanmakda onuň howpsuzlygyny tassyk etmäge kömek eder.
