«Li­wer­pul» ­düzümini­ güýçlendirýär

Iýul 28, 2025 - 15:22
«Li­wer­pul» ­düzümini­ güýçlendirýär

Tomusky transfer möwsüminde örän işjeň hereket edýän Angliýanyň «Liwerpul» kluby düzümine ýene bir hüjümçini goşdy. Has takygy, iňlis kluby Germaniýanyň «Aýntraht» toparyndan fransuz hüjümçisi Ugo Ekitikeni 90 million ýewro (şeýle hem 5 million ýewro möçberindäki bonuslar göz öňünde tutulýar) transfer etdi.

Oýunçy bilen 6 ýyllyk şertnama, ýagny 2031-nji ýylyň tomsuna çenli ylalaşyk baglaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Ugo Ekitike geçen möwsüm Bundesliga-da «Aýntrahtyň» düzüminde 33 duşuşykda çykyş edip, 15 gol geçirip, 8 netijeli pas berdi.

Maglumat üçin: Ekitikeden başga-da, «Liwerpul» şu tomusda Germaniýanyň «Baýer Leverkusen» toparyndan Florian Wirzi we Žeremi Frimpongy, şeýle hem Angliýanyň «Bornmut» klubundan Miloş Kerkezi satyn aldy.

Topar tarapyndan şu tomusda amala aşyrylan transferleriň umumy bahasy 300 million ýewrodan geçdi.