Küşt boýunça iň ýaş halkara ussady

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) 10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýewiň halkara ussady derejesini resmi taýdan ykrar etdi. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýlelikde, Roman Şogjiýew küşt dünýäsi boýunça halkara ussady derejesini alan iň ýaş türgen hökmünde adyny taryha ýazdyrdy. Ol bu derejä 10 ýaş, 3 aý, 21 günlük wagtynda ýetmegi başardy.
Bu ugurda mundan ozalky rekord — 10 ýaş, 8 aý, 16 günlük wagtynda halkara ussady bolan argentinaly Faustino Oro degişlidi.
Maglumat üçin: Roman Şogjiýew 2015-nji ýylyň 4-nji fewralynda, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde dünýä indi. Ol küşt bilen 4 ýaşynda meşgullanyp başlady. 2024-nji ýylda bolsa 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän nusgawy we blits görnüşli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etdi.