Turniriň esasy gatnaşyjylary belli boldy

Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nevada ştatynyň Las-Wegas şäherindäki «T-Mobile Arena» sport toplumynda geçiriljek «UFC 320» turniri birnäçe uly tutluşygy öz içine alar. Bu barada «UFC-niň» metbugat gullugy resmi maglumat berdi.
Turniriň esaslaýyn söweşinde ýeňil agramda UFC-niň häzirki çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili amerikaly Kori Sendhagen bilen oktagona çykar.
Ýene bir esasy tutluşyk bolsa ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony, rus türgeni Magomed Ankalaýew bilen braziliýaly Aleks Pereýra arasynda geçiriler. Bu söweşiň iki türgeniň arasyndaky hasaplaşyk häsiýetlidigini bellemelidir. Olar öň hem ýüzbe-ýüz bolupdylar we şol duşuşyk Magomed Ankalaýewiň peýdasyna tamamlanandygyny ýatlamak gerek.
Turniriň üçünji derejeli esasy söweşi hem şowhunly geçer diýlip garaşylýar. Ol hem şol agramda öňki UFC çempiony, çehiýaly Irži Prohazka bilen amerikaly Halil Rauntri arasynda geçiriler.