Lukman süýji keseli barada esasy düşünjäni ýalana çykardy

Noý 7, 2025 - 09:04
Lukman süýji keseli barada esasy düşünjäni ýalana çykardy

Terra: iýmitde artykmaç şeker göni görnüşde süýji keseline sebäp bolmaýar

Şekerli iýmitleri gaty köp ulanmak hökman süýji keseline (diabete) sebäp bolmaýar, emma şeýle endik bu keseliň döremegine töwekgelçilik döredip biler. Muny Nýu-Ýork uniwersitetiniň terapefti Rebeka Vaskonselos Terra neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Lukmanyň sözlerine görä, bu ýalňyş pikir gan şekeriniň derejesi bilen süýji keseliniň arasyndaky tebigy baglanyşyk sebäpli ýüze çykýar. Emma alymlar “süýjülikleri” köp iýmegiň bu keseli döredýändigi baradaky göni gatnaşygy tassyklamandyr. Vaskonselos belleýşi ýaly, süýji kesel hatda şeker az iýýän adamlarda-da ýüze çykyp biler.

Onuň pikiriçe, keseliň esasy sebäbi belli bir önümiň özi däl-de, tutuş ýaşaýş ýörelgesidir. Esasy howp faktorlarynyň arasynda — deňagramly bolmadyk iýmitlenme, az hereketlilik, genetiki meýillilik we metaboliki bozulmalar bar.

«Şeýle-de bolsa, şekerin gaty köp ulanylmagy, eger adamyň eýýäm beýleki öňden bar bolan töwekgelçilik faktorlary bolsa, süýji keseliniň 2-nji derejeli görnüşine ösmegine itergi berip biler. Ýöne bu keseliniň esasy ýüze çykma mehanizmi däl» diýip, lukman anyklaşdyrdy.

Terapewvt ýatlatdy: süýji keseliniň 1-nji görnüşi awtoimmun keseldir — onuň iýmitlenme bilen baglanyşygy ýok we ol beden insulini ýeterlik mukdarda öndürmeýändigi üçin ýüze çykýar. 2-nji görnüşli süýji kesel bolsa tersine, insuliniň ýeterlik mukdarda öndürilýän ýagdaýynda ýüze çykýar, ýöne öýjükler we dokumalar onuň signallaryna duýdansyz bolýar we glýukozany netijeli özleşdirip bilmeýärler.