Ýaponiýanyň «Nippon» gaznasyndan Türkmenistana kitap sowgady

Iýun 22, 2025 - 13:37
Ýaponiýanyň «Nippon» gaznasyndan Türkmenistana kitap sowgady

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ilçi uniwersitete «Nippon» gaznasy tarapyndan taýýarlanan onlarça iňlis dilindäki kitaplary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Kitaplar esasan Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti we edebiýaty bilen tanyşdyrýar we häzirki wagtda uniwersitetiň kitaphanasynda hem-de okalga zalynda ýerleşdirildi. Bu kitaplaryň geljekki hünärmenler üçin peýdaly maglumat çeşmesi bolmagyna garaşylýar.

Şeýle neşirleriň gowşurylmagy Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň bilim we medeni hyzmatdaşlygynyň giňelýändigini görkezýär. Şeýle hem, ýapon ilçihanasy tarapyndan şuňa meňzeş kitaplar paýtagtymyzdaky 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebe hem sowgat berildi.